Oba hojalygy: möhüm möwsüm ýetip geldi
01.09.2022
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladalary netijesinde ykdysadyýetimiziň hemme pudaklarynda ýokary ösüşlere eýe bolunýar. Şeýle ösüş, özgerişler halk hojalygynyň möhüm pudagy bolan oba hojalygynda hem durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk pudagynyň ýokary netijeler bilen ösdürilmegi bolsa, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyna oňyn täsir edýär.
Ir baharda ene topraga bereket tohumyny atan daýhan, häzirki günlerde bereketli pagta hasylyny ýetişdirdi. Ýetişdirilen “ak altynyň” ýekeje übtügini-de zaýa etmän, yrýasyz ýygnap almak üçin taýýarlyk işleri giň gerimde, guramaçylykly alnyp barylýar. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda 165000 gektar meýdanda ekilen gowaçanyň ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyk, doly ýerine ýetirilip, bu günki pursat daýhan guwanjyna öwrülýär.
Pagtaçy kärendeçiler bilen bir wagtda “Marypagta” önümçilik birleşiginiň ähli düzümlerinde ýetip gelýän pagta ýygymy möwsümine düýpli taýýarlyk işleri geçirilýär. Welaýatymyzda pagta arassalaýjy kärhanalaryň 9-sy, pagta hasylyny kabul etjek harmanhanalaryň bolsa 35-si bolup, olarda düýpli abatlaýyş işleri geçirilip, täze hasyly bökdençsiz kabul etmek üçin hemmetaraplaýyn taýýar edildi. “Marypagta” önümçilik birleşiginiň garamagyndaky pagta arassalaýjy kärhanalaryň awtoulaglary, traktorlar we olaryň tirkegleri abatlanyp, tehniki howpsuzlyk kadalaryna laýyk getirilýär.
Pagta el güýji, şeýle-de, pagta ýygýan kombaýnlary işjeň ulanmak bilen ýygylar. Döwletimiz tarapyndan satyn alnyp berlen, ösen tehnologiýaly, sanly ulgam arkaly dolandyrylýan daşary ýurt tehnikalary hem pagtaçy kärendeçileriň ýakyn ýardamçysy bolup durýar. Şu möwsümde jemi ulanyljak 467 kombaýn, şol sanda 308 sany ýokary öndürijilikli “John Deere” we Özbegistanda öndürilen “MX 1,8” kysymly iki hatarly tirkeg kombaýnlarynyň 159-sy pagta ýygymyna doly taýýar edilip goýuldy. Pagta ýygyjy kombaýnlary işletjek tejribeli, ussat mehanizatorlar, sürüjiler saýlanyp alyndy we gözükdirme okuw işleri geçirildi. Şeýle-de, ýygym möwsüminde ulanylýan tehnikalar bilen bagly ýüze çykaýjak näsazlyklaryň öňüni almak üçin guramaçylyk çäreleri kesgitlenilýär.
Ýurt Garaşsyzlygynyň şanly toýuna mynasyp sowgatly barmagy maksat edinýän ussat pagtaçy kärendeçilere, işiňiz ileri, harmanyňyz bereketli bolsun diýesimiz gelýär.
Sähet HOJAGELDIÝEW.
«Maru — şahu jahan».