Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Şu gün — Bilimler we talyp ýaşlar güni

01.09.2022

Tomus paslynyň dowam edýän günleriniň ir säheriniň arassa howasynda howlynyň içi ala-ýazdy. Çagalaryň şadyýan sesi bilen guşlaryň aýdym aýdýan dek owazlary garyşyp, howlynyň şowhunyny has-da artdyrýardy.

Howlynyň derwezesinden giren mugallym oglandyr gyzjagazlaryň dürli oýunlar bilen gyzygyp, oýnaýyşlaryny görüp, tomus paslynyň her bir adama ruhy, lezzet paýlaýandygyna guwandy. Ol oýunlara gümra bolup duran çagalar bilen salamlaşyp, olar bilen özüni tanyşdyrdy. Mugallym çagalara ýüzlenip: “Siziň araňyzda şu ýyl 6 ýaşyny dolduryp, mekdebe gitmeli ýaşlyňyz barmy?” diýip, sorady.

Çagalaryň içinden Güljanjyk: “Men gitmeli” diýip, öňe saýlandy. Mugallym oňa: “Mekdebe taýýarlyk gördüňmi?” diýip, sorag berende, ol “Hawa, mugallym, bize çagalar bakja-bagynda köp zatlary öwretdiler” diýdi.

Mekdebe barmagy üçin bellige alnanyndan soň ýüzünde begençli alamatlary uçganaklap duran Güljanyň mekdebe bolan höwesi hasam artyp başlady. Onuň indi ejesine: “Näçe günden mekdebe gidip başlaýan, kän wagt galdymy?” diýen soraglary has-da köpeldi. Ynha, bir günem mekdep bazaryna ejesi bilen aýlanyp, egin-eşikleri, başga-da, okuwa gerek harytlary aldylar. Güljan ejesiniň gulagyna pyşyrdap: “Eje, biz tahýa almadyg-a” diýip, nepis nagyşlary bilen bazary bezäp duran tahýalara elini uzatdy. Onuň bolşuny synlap duran satyjy daýza güldi-de: “Gyz maşgalanyň kiçiligine garamazdan, olaryň gözleri şular ýaly el işlerinde-dä” diýip, owadan tahýany Güljanyň başyna geýdirdi.

Güljan öýlerine gelip, mekdep bazary hakda gören--eşidenlerini enesine gürrüň berdi. Enesi: “Hany, alan zatlaryňy bir göreli” diýip, agtygynyň şatlygyny paýlaşdy. Güljan ilki enesine, soňra bolsa, maşgala agzalaryna alan harytlaryny birin-birin görkezdi. Enesi agtygynyň tolgunyşyny görüp: “Wah, näme alsaň çagalara almaly, olaryň çaga göwünleri galkynyp, hoş bolýarlar” diýip, guwandy.

Güljan köýnekdir köwüşlerini geýip, hamala mekdebe barýan dek öýüň içinde aýlanyp, eýlesine-beýlesine bakýardy. Onuň ýüzünde begençli ýylgyryşy görýän, maşgala agzalary oňa: “Täze zatlaryň gutly bolsun!” diýip, onuň şatlygynyň üstüni ýetirdiler.

Ynha, Güljanyň hyýalyndaky arzyly günem ýetip geldi. Ir säher bilen mekdepde ýaňlanýan aýdym-sazyň sesi ony öz erkine goýmady. Ol täze, apalap alan egin-eşiklerini geýip, mekdep lybasyna girdi. Onuň daşyndan guwanan enesi öýleriniň göz-guwanjy bolan agtygyny bagryna basyp, ak ýol arzuwlady. Güljan bolsa göwnühoş halda, eli ter gül desseli mähriban ejesi bilen ak mekdebiň gapysyndan ilkinji ädimini ätdi.

Akmaýa HOJANYÝAZOWA.
«Maru — şahu jahan».