Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Welaýat zenanlar bölüminde

26.08.2022

Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň «Maşgala näçe agzybir bolsa, jemgyýet hem şonça jebisdir» diýen pähiminden ugur alnyp, welaýat kitaphanasynda welaýat häkimligi bilen TZB-niň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda maşgala mukaddesligine bagyşlanyp wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa welaýat, şäher, etrap zenanlar bölümleriniň başlyklary, geňeş agzalary, edara-kärhanalaryň, medeniýet, bilim, saglyk ulgamlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ilkinji zenanlar guramasynyň başlyklary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary we mährem eneler gatnaşdylar.

Bu ýerde, ilki bilen, welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Arzygül Orazowa çykyş edip, ýurdumyzda zenanlar barada edilýän aladalar, milli däp-dessurlara uýmak, maşgala mukaddesligini goramak, ulyny hormatlamak, kiçini sylamak dogrusynda giňişleýin durup geçdi hem-de çäräni alyp bardy.

Maşgala mukaddesligine bagyşlanan bu çärede welaýatymyzdaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň direktory, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, TZB-niň welaýat bölüminiň geňeş agzasy Güljahan Çarykulyýewa, Mary şäheriniň ýaşaýjysy, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi, mährem ene Oguljennet Öwezgeldiýewa, Mary şäher prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Sona Gaýypowa, Sakarçäge etrabynyň raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň müdiri Ogultäç Jumadurdyýewa, welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň lukmany Tawus Hojanyýazowa, Mary şäher kazyýetiniň maslahatçysy Göwher Aminowa, TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjysy, mährem ene Nurjemal Muhammedowa, TAP--nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary Güljemal Nazarowa we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyşlarda zenan edebi, arassa ahlaklylyk, milli geýinmek medeniýeti, tikin we el işleri barada gürrüň edildi.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň bagtyýar zenanlarynyň işlemegi, döretmegi, gurmagy üçin ähli mümkinçiliklere giň ýol açýan Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler belentden ýaňlandy.

Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
TZB-niň welaýat bölüminiň geňeş agzasy.
SURATDA: wagyz-nesihat çäresinden pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.