Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar
26.08.2022
Ýere urdum paltany,
Agzy gyzyl haltany.
Ýerden bir oglan çykdy,
Uly iliň soltany —
— diýip, ak bugdaýy soltana deňän ata-babalarymyzyň daýhançylyk däbi häzirki günlerem daýhanlarymyz tarapyndan dowam etdirilýär. Üstünlikli tamamlanan orak möwsümine kän wagt geçenok. Bugdaýdan boşan meýdanlar gyzgyny bilen sürülip, tekizlenip, indiki hasylyň aladasy giň gerimde ýaýbaňlanýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Aralyk ekinler ekilip, önüm bolçulygy döredilýär.
Gadymy Murgap derýasynyň aşak akymynda, welaýat merkeziniň günbatarynda ýerleşýän Sakarçäge etrabynyň ekin meýdanlarynda hem işler gyzgalaňly häsiýete eýe. Etrabyň Gyzylgum geňeşliginiň çäginde, telekeçi ýigit Orazdurdy Hanyýewiň ýolbaşçylygynda Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda kärendeçi daýhanlar 504 gektarda gowaça, 120 gektarda gant şugundyryna, 20 gektarda ýeralma ideg işlerini alyp barýarlar. Üstümizdäki ýylda gallaçy kärendeçiler 696 gektar meýdana ekilen bugdaýdan 1450 tonnadan gowrak guşgursak dänäni Watan harmanyna goşant edip borçnamalaryna abraý bilen hötde gelmegi başardylar.
Iş saparynyň dowamynda biziň döredijilik toparymyz gant şugundyryny ösdürip ýetişdirýän kärendeçileriň iş aladasy, ekinleriň ýagdaýy bilen ýakyndan tanyşdy. Gowy gögeriş alan, wagtynda bejergi işleri geçirilip, agrotehniki kadalara görä ideg edilýän ekinleriň ýagdaýynyň oňatdygyna göz ýetirdik.
Kärendeçi zenan Bibigözel Babaýewanyň 3,5 gektar meýdanda ideg edýän şugundyr ekininiň boý alyşy beýleki kärendeçilere görelde alarlyklydyr. Şeýle-de, şu ýyl zähmetsöýer kärendeçi 5 gektar bugdaýdan 22 tonna galla hasylyny Watan harmanyna goşant etdi. Onuň 3 gektar meýdanda ýetişdiren gowaçasyndan bol pagta hasylyny tabşyrjakdygyna ynamy uly. Kärendeçiniň zähmet üstünliklerini gazanmagyna maşgala agzalarynyň ýardamy bimöçberdir. Bibigözel Babaýewa ýaly işine berlen, ussat kärendeçileriň sany bu hojalykda onlarçadyr. Olardan, topar ýolbaşçylar, “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi Gülnahal Esenowanyň, Aýgözel Atadurdyýewanyň, kärendeçiler Şirin Gapparowanyň, Rahat Geldiýewiň, Şeker Gylyjowanyň atlaryny öňdäkileriň hatarynda agzaýarlar.
Özleriniň ýadawsyz zähmeti bilen toprakdan zer öndürýän gyzylgumly kärendeçiler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň toýuna mynasyp sowgatly barmagy ýüreklerinde besleýärler. Olar Arkadagly Serdarymyza kärendeçilere berýän hemaýat-goldawlary üçin tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan edip, hormatly Prezidentimize jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerinde rowaçlyk arzuw edýärler.
Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: Telekeçi ýolbaşçy Orazdurdy Hanyýew kärendeçiler bilen Bibigözel Babaýewanyň ekin meýdanynda.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.