Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bäsleşik geçirildi

20.08.2022

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzda ekologiýa syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilip, ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň çäkleri giňäp, ýylyň dowamynda ýaşyl öwüsýän seýilgähleridir, şäherlere bezeg berýän gök zolaklar emele gelýär. Her ýyl dürli görnüşdäki agaçlaryň millionlarça düýp nahallary ekilip, bar bolan baglara ideg işleri geçirilýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde yglan eden “Ussat bagban” atly hünär bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bu bäsleşikde hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlaryndan ruhlanyp işleýän bagbanlaryň arasyndan, öz işine ökde, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirýän, ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmäge önjeýli goşant goşýan ata-babalarymyzdan miras galan usullary we häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrýan ussatlary ýüze çykarmak wezipesi esasy maksatlaryň biri boldy.

Bäsleşigiň netijesi boýunça, 1-nji orna welaýat tokaý hojalygynyň Baýramaly etrabynda ýerleşýän “Nahalhana” tokaý bölüminiň bagbany Amangeldi Bazarow, 2-nji orna Türkmengala etrabynda ýerleşýän “Ataýurt” tokaý bölüminiň bagbany Döwlet Gurbanow, 3-nji orna Mary etrabynda ýerleşýän “Akybaý” tokaý bölüminiň bagbany Pena Orazlyýew mynasyp boldular. Ýeňiji bolanlara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: bäsleşikden pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.