Bilimli nesil — kuwwatly Watan
10.02.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geljegimiz bolan ýaş nesliň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmekleri barada tutumly işler durmuşa geçirilýär. Muňa ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen çagalar baglary, orta mekdepleri, sport mekdepleri, stadionlardyr sport desgalary mysal bolup biler. Ösüşlere, özgerişlere beslenýän Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň 1-nji sentýabrynda Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşliginiň çäginde ýerleşýän 15-nji orta mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Täze mekdebiň açylyş dabarasy okuwçylaryň, mugallymlaryň, oba adamlarynyň durmuşynda ýatdan çykamajak, ajaýyp pursat bolup galdy. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, 2020-2021-nji täze okuw ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar güni täze mekdepde hem şatlyk-şowhuna, aýdym-saza beslendi. Şol gün ol ýerde iki gatdan ybarat, 320 orunlyk okuwçy üçin niýetlenen döwrebap, täze mekdebiň mugallymlary täze güýç bilen ýaş nesle işjeň usulda bilim we terbiýe berip başladylar. Döwrebap mekdebiň binasyny welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Kakamyrat Söýünowyň ýolbaşçylyk edýän “Erkin zähmet” hususy kärhanasynyň işewür gurluşykçylary bina etdiler.
Golaýda mekdebiň müdiri Toýly Gylyjow bilen duşuşyp, söhbetdeş bolanymyzda ol bize:
— Täze mekdebimiziň okuw otaglary dünýäniň ösen tehnologiýalary, kämil enjamlary, kompýuterler, şeýle hem multimediýa, interaktiw tagtalary we okuw--görkezme esbaplary bilen üpjün edildi. Täze mekdebimizde 200 okuwçy bilim we terbiýe alýar. Birinji gezek bilim ojagyna alty ýaşly 1-nji synp okuwçylarynyň 25-si geldi. Okuwçylara tejribeli başlangyç synp mugallymy Rozygül Gylyçdurdyýewa işjeň usulda bilim-terbiýe berýär. Mekdebimiziň fizika we informatika, matematika, himiýa ýaly derslere ýöriteleşdirilen otaglary häzirki zamanyň ösen tehniki enjamlary bilen üpjün edilen. Okuw otaglarynda okuwçylara döwrebap bilim bermäge ähli şertler bar. Mekdebimizde döwrebap kitaphana, naharhana işleýär. Şonuň ýaly-da, 2 sany sport zaly bolup, okuwçylar sportuň dürli görnüşleri bilen türgenleşik geçýärler.
Zähmet mugallymlary Töre Akyýew, Ogulşirin Hekimowa, fizika-informatika mugallymy Ýazgül Hemraýewa, iňlis dili mugallymy Ýagşygül Annamyradowa, türkmen dili we edebiýaty mugallymy Arzygül Annaýewa, taryh mugallymy Annagözel Hekimowa, bedenterbiýe mugallymy Agamyrat Jumamyradow kärdeşlerine görelde bolup, yhlasly zähmet çekýärler.
Mekdebimizde ilkinji zähmet ýoluna başlan ýaş hünärmenleriň 2-si mähir bilen garşylanyldy. Olar Ogulkeýik Mämmedowa bilen Akmuhammet Meredowdyr.
Biz — mugallymlar Arkadag Prezidentimiziň sanly bilim ulgamy baradaky aýdyň maksatnamalaryndan ugur alyp, ýaş nesle işjeň usulda bilim we terbiýe bermekde yhlasly zähmet çekeris — diýip, buýsançly gürrüň berdi.
Geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy ugrunda irginsiz aladalary durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Çary AMANGELDIÝEW.
“Maru-şahu jahan”.
SURATLARDA: mekdebiň fizika-informatika mugallymy Ýazgül Hemraýewa, şeýle hem mekdebiň zähmet okuwy mugallymy Ogulşirin Hekimowa okuwçylar bilen sapak wagtynda.
Suratlary düşüren awtor.