Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

12.08.2022

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Pasla görä geýniň.

Wagtal-wagtal otaglaryňyzyň penjirelerini açyp, öýüňizi ýelejirediň, üzärlik bilen otagyň howasyny tämizläň.

Nahar taýýarlamazdan, çagany iýmitlendirmezden, nahar edinmezden öň we daşardan geleniňizden soň, elleriňizi akar suwuň aşagynda sabyn bilen gowy ýuwuň. Mümkin boldugyça, elleriňizi gözüňize, burnuňyza we agzyňyza degirmäň.

Günüň dowamynda arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwy içiň. Agyz-burun örtügini ýapyk binalarda we jemgyýetçilik ulaglarynda dogry we doly dakynyň. Howpsuz aralygy saklaň. Esasan-da, ýiti respirator keselleriniň alamatlary bar bolan adamlaryň ýanynda bu kadany hökman berjaý ediň.

Üsgüreniňizde ýa-da asgyranyňyzda agzyňyzy we burnuňyzy elýaglyk bilen ýapyň. Ulanan bir gezeklik elýaglyklaryňyzy zibil gaplaryna taşlaň. Kadaly iýmitleniň, witaminlere we fitonsidlere baý gök hem-de miwe önümlerini köpräk iýiň, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içiň.

Işjeň hereketde boluň, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanyň. Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda alyň.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.