Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy
12.08.2022
Ýakynda TZB-niň welaýat bölüminiň guramagynda «Mary» myhmanhanasynda Gahryman Arkadagymyzyň saýlanan eserlerini özünde jemleýän «Täze ösüşiň belentliklerine tarap» atly kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara TZB--niň welaýat, şäher, etrap bölümleriniň başlyklary, geňeş agzalary, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary we mährem eneler gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynda welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Arzygül Orazowa çykyş edip, ýurdumyzyň ösüşli menzillerinden gürrüň berýän bu eseriň türkmen zenanlary üçin gymmatly sowgatdygyny nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamynyň ýiti, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdi we dabarany alyp bardy.
Dabaranyň dowamynda Mary etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi, mährem ene Aksoltan Baýramowa, Mary şäher häkiminiň orunbasary, şäher zenanlar bölüminiň başlygy Bahar Torumowa, TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň başlygy Jennet Agaýewa, welaýatymyzdaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň müdiri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, TZB-niň welaýat bölüminiň geňeş agzasy Güljahan Çarykulyýewa, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmeni Bahar Kakalyýewa we beýlekiler çykyş etdiler.
Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýeten belent sepgitleri, gazanan beýik ösüşleri hakyndaky saýlama eserleri özünde jemleýän bu kitabyň üç dilde, ýagny, türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilendigi buýsanç bilen bellenildi. Şeýle hem alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döreýän eserleriniň ählisiniň gymmatly hazyna öwrülýändigi, şol eserleriň her bir okyjyny özüne çekýändigi, pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne jümleleriniň ýürege ýakyndygy hakynda giňişleýin gürrüň edildi.
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna ýaňlanýan alkyşly sözler bilen jemlendi.
Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
TZB-niň welaýat bölüminiň geňeş agzasy.
SURATDA: dabaradan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.