Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy
12.08.2022
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly ösüşlere eýe bolunýar. Halk hojalygynyň möhüm ugry bolan oba hojalygynda hem tarypa mynasyp işler amala aşyrylýar. Bu pudakda durmuşa geçirilýän özgertmeler halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Daýhanlaryň tohum, suw, dökün, oba hojalyk tehnikalary bilen doly üpjün edilmegi, döwlete tabşyrylýan önüm üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegi her bir ýer eýesini ene topragymyzdan bol hasyl öndürmäge ruhlandyrýar. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň pagta ussatlary hem dokma senagatynyň çig maly bolan pagtadan bol hasyl almak maksady bilen işleri giň gerimde alyp barýarlar. Ýolöten etrabynyň Atçapar adyndaky daýhan birleşiginiň ýer eýeleri özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, bugdaýdan, ýeralmadan, gök we bakja erkinlerinden bitginli hasyl almagy başardylar. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda edermen kärendeçiler 1100 gektar meýdana bugdaý ekip, ondan ýokary hasyl almagy başardylar. Şonuň ýaly-da, olar 60 gektar ýere gant şugundyryny ekip, ondan hem bol hasyl almak ugrunda aladalanýarlar.
Bu ýerde her bir kärendeçi «Çekseň zähmet — ýagar rehnet», «Päk zähmet — rehnet arygy» diýlip, aýdylan sözlerden ugur alyp, çekýän zähmetiniň bereketli miwesini görmek üçin yhlas edýär. Häzirki wagtda bolsa hojalygyň agzybir kärendeçileri 1350 gektar ýerde gowaçanyň “Ýolöten-39”, “Ýolöten-50”, “Ýolöten-53” orta hem-de “Ýolöten-14” inçe süýümli sortlaryny ekip ýetişdirdiler. Olar gowaça ideginde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda her bir işi gijikdirmän ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Bu daýhan birleşiginde 10 topar bar. Pagta agronomy Meret Allanowyň belläp geçmegine görä, ýetişdirilen hasylyň bitginli bolmagy üçin edilýän işe höwesiň bolmagy bilen birlikde, işi agzybirlikde ýerine ýetirmegiň hem aýratyn netijesi bar. Bu ýerde hojalygyň ýolbaşçy hünärmenleri kärendeçileriň arasynda bolup, olara gerekli maslahatlary, degerli kömekleri yzygiderli berip durýarlar.
Pagta meýdanlarynda işleri guramaçylykly alyp barýan hojalygyň kärendeçileriniň gadamlary batly, ümzükleri ileri. Olar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk şanly toýunyň giňden toýlanyljak ýylynda bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine ynamly garaýarlar. «Ynam bolsa, ýarpy ýeňiş» diýilýär.
Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: pagta meýdanyndan pursat.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.