Galkynyşly döwrümiziň desgalary
12.08.2022
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent sepgitlere beslenýändigini döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar aýdyň äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň çalt depginlerde ösdürilmegine giň mümkinçilikleri açýar. Şu wajyp wezipede ýollaryň we köprüleriň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň hil taýdan döwrebap derejede gaýtadan dikeldilmegi bilen bagly iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi bilen baglydyr.
Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň ýene bir guwançly wakasy türkmen iliniň guwanjyny goşalandyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýol-ulag düzüminiň möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüniň tutulmagyna ak pata berdi. Bu wakanyň ykdysady ähmiýeti juda uludyr. Sebäbi yklymara geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan döwletimiziň ulag-üstaşyr mümkinçiligi giň gerime eýedir. Şonuň üçinem ýurdumyzyň ulag ulgamynyň kuwwatynyň döwrüň talabyna laýyk ösdürilmegi möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Gurluşyna ak pata berlen täze köpriniň Garaşsyz döwletimiziň ýol-ulag düzüminiň uly geljeginde wajyp orna eýe boljakdygy şübhesizdir. Täze desganyň gurluşygy “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiň gurluşykçylary iki ýylyň dowamynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini gurarlar. Şeýle hem oňa eltiji ýollaryň gurluşygyny ýerine ýetirmek ynanyldy. Täze awtomobil köprüsiniň uzynlygy 354 metre, ini bolsa 21 metre deňdir.
Bu täze desganyň ulanylmaga berilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän döwletimizde öň gurlup, ulanylmaga berlen ýol-ulag düzümine degişli iri desgalaryň üstüni ýetirer. Şeýlelikde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň sebitara we yklymara ykdysady-söwda gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmekdäki tagallalary tutumly işlerde özüniň beýanyny tapýar. Bu köpri diňe bir Türkmenistan döwletimiziň däl, eýsem, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Hindistanyň we beýleki ýurtlaryň ýük daşaýjylaryna demir ýol, deňiz we awtomobil ulaglary arkaly Ýewropa yklymynyň döwletlerine gysga ýol boýunça çykmakda netijeli hyzmat eder. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz bu desganyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, täze köpriniň Türkmenistan döwletimize bütin dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmak, daşary ýurtlar bilen ykdysady-söwda hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döretjekdigini nygtady.
Bilşimiz ýaly, ulag-kommunikasiýa ulgamynyň durnukly ösdürilmegi häzirki zaman dünýäniň ykdysady-söwda ulgamynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçinem ol dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna gönüden-göni täsir edýär. Şeýle hem ulag-kommunikasiýa ulgamy bütin dünýäde durnukly ösüşiň wezipelerini çözmekde uly ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan ugur alsak, gurluşygyna badalga berlen desganyň ýurdumyzyň ulag-üstaşyr babatda kuwwatynyň has-da ýokarlanmagyna itergi berjekdigi ikuçsuzdyr.
Hawa, biz Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň ýene bir buýsançly wakasynyň şaýady bolduk. Bu taryhy waka hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň ösüş-özgerişli ýolunyň rowaçlyklara beslenýändigine doly şaýatlyk edýär.
Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.