Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

04.08.2022

Magtymguly Pyragynyň baý hem-de gymmatly edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmek, onuň döredijiliginiň tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanşygyny döwrebap sanly tehnologiýalaryň üsti bilen açyp görkezmek hem-de beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde mynasyp bellemek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti 2021-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Karara gol çekdi.

Ýurdumyzda 2024-nji ýylda geçiriljek türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň şanly senesi mynasybetli birnäçe çäreleri amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Bütin adamzadyň genji-hazynasyna giren meşhur akyldar şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ýörite internet portalyny döretmek maksat edinilýär. Şahyryň şygyrlar ýygyndysy özbek, täjik, azerbaýjan, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, türk, rus, iňlis, rumyn dillerine terjime edildi.

Häzirki zamanyň sanly tehnologiýalary arkaly ähli maglumatlary özünde jemleýän “Magtymguly Pyragy» ensiklopediýasyny döretmek, “Magtymguly Pyragy diwanynyň” sanly neşir görnüşini taýýarlamak meýilleşdirilýär. Şeýle hem 2024-nji ýylda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda akyldar şahyryň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmek hem-de wagyz etmek maksady bilen Aşgabat şäherinde halkara ylmy maslahat geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ady äleme dolan ussadyň sözleri we pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny hem-de watançylyk ruhuny belende galdyryp, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna girdi.

Türkmeniň beýik şahsyýetlerine hormat-sarpa goýýan, olaryň ykbalyny arşa göterýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, halkymyzyň parahat ýurdumyzda asuda ýaşamagyny arzuw edýäris!

Gurbanmuhammet BABAÝEW.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy.