Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Welaýat zenanlar bölüminde

04.08.2022

Golaýda «Türkmeniň ak öýüniň» ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreler geçirilýän binada TZB-niň welaýat, şäher, etrap bölümleriniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda keşdeçilik sungatyna bagyşlanan saz- -söhbetli dabara geçirildi. Oňa welaýat zenanlar bölüminiň geňeş agzalary, etrap zenanlar bölümleriniň ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary we işjeň agzalary gatnaşdylar.

Dabarada, ilki bilen, welaýatyň birleşen folklor we dutarçylar toparlarynyň ýerine ýetirmeginde görkezilen aýdym-sazly çykyşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli we medeni mirasymyza uly sarpa goýulýandygyny şöhlelendirdi. Çykyşlarda milli gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, edim-gylymlarymyzyň, urp-adatlarymyzyň waspy belentden ýaňlandy.

Keşdeçilik sungatyna bagyşlanan dabaranyň dowamynda şahyr zenanlar — Murgap etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy Aýnäzik Esenowanyň, Sakarçäge etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň mugallymy Gunça Amansähedowanyň, şeýle hem Mary etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Akgözel Serdarowanyň dutar senedi, keşdeçilik sungaty, zenan terbiýesi baradaky buýsançly gürrüňleri ata-babalarymyzdan miras galan milli ýol-ýörelgelerimize bolan söýgimizi artdyrdy. Bu ýerde türkmen zenanlarynyň milli lybaslarynyň, el işleriniň, şaý-sepleriniň hem-de haly, keçe, palas önümleriniň sergisi guraldy. Dabara gatnaşyjylar sergidäki milli gymmatlyklarymyzy uly buýsanç bilen synladylar.

Saz-söhbetli dabarada çykyş eden zenanlar özleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanýandyklaryny buýsançly beýan edip, Arkadagly Serdarymyzyň adyna çyn ýürekden çykýan alkyşly sözlerini aýtdylar.

Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
TZB-niň welaýat bölüminiň geňeş agzasy.
SURATLARDA: dabaradan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.