Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar
04.08.2022
Mary etrabynyň “Zarpçy” daýhan birleşigi etrapda iri hojalyklaryň biri hasaplanylýar. Bu daýhan birleşiginiň kärendeçileri hormatly Prezidentimiziň daýhanlara berýän hemaýat-goldawlaryndan güýç alyp, ekin meýdanlarynda tutanýerli zähmet çekýärler. Işleriň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde ekinleriň dürli görnüşlerini ösdürip kemala getirýän kärendeçiler dokma, azyk senagatynyň gymmatly çig maly bolan gowaça ekininiň idegini birjik-de ünsden düşürenoklar. Ekinler kadaly ösüp boý alýar, hasyl toplaýar.
Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda daýhan birleşigi boýunça 1300 gektarda galla hasyly ýetişdirilip, döwlet harmanyna tabşyrylan bolsa, 980 gektarda gowaça ideg işleri agrotehniki talaplara laýyk alnyp barylýar. Şeýle-de, 100 gektarda ýeralmanyň bol hasyly ýetişdirilip, ýygnalyp alyndy.
Bu daýhan birleşiginiň zähmetsöýer, işine ussat kärendeçileriniň biri-de Göwher Geldihanowadyr. Oba ýerinde ýaşap, işiň abyny-tabyny alan kärendeçi 3 gektar ýerde kärendeçilik usulynda zähmet çekýär. Ol ýylyň-ýylyna özüniň çekýän ýadawsyz zähmeti bilen boýun alan şertnamalaýyn borçnamasyna hötde gelmegi başarýar.
S. ILAMANOW.SURATDA: Göwher Geldihanowa kärende ýerinde.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.