Galkynyşly döwrüň ajap binalary
04.08.2022
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ösüş-özgerişli ýyllaryndan gözbaşly aýdyň ýolumyz şu ýylyň fewral aýynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde yglan edilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän giň möçberli işler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan depginli ösüşine kuwwatly itergi berýär. Muňa täze eýýamymyzyň Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda gazanylýan uly üstünliklerde, ýetilýän belent sepgitlerde göz ýetirmek bolýar.
Bilşimiz ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan döwletimiz özboluşly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň ýüzlerçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Kämil tehnologiýaly döwrebap kärhanalaryň gurluşygy durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň durnukly depgini bilen üsti ýetirildi. Şeýle döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işleriň bady dowam edýän Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda-da barha ýokarlanýar. “Döwlet adam üçindir!” atly ynsanperwer taglymatyň çäklerinde amal edilýän tutumlaryň gerimi ýylsaýyn giňeýär. Halkyň saglygyny goramagyň we berkitmegiň, il-günümiziň döwrebap dynç alşyny guramagyň onuň çözgüdi gazanylýar. Sebäbi ýurdumyzda “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen ýörelgeden ugur alynýar. Ýokarda gürrüňi edilen mesele babatda türkmen ili ýene bir guwançly wakanyň şaýady boldy. Has takygyny aýtsak, şu ýylyň 1-nji awgustynda gojaman Hazaryň kenarynda “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasynyň şatlykly ýaňy alyslara aşdy. Bu toplumyň açylyşyna hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi il-günümizde guwanç duýgusyny döretdi. Hazar deňziniň kenarynda gurlan bu toplum bir wagtda 900-e golaý adamy kabul etmäge ukyplydyr. Şeýle hem şu döwrebap kottej şäherçesinde 240 maşgalany kabul etmäge mümkinçiligiň döredilendigi guwandyrýar. Ähli amatlyklar döredilen täze şäherçe “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda öňki gurlan ajaýyp binalardyr desgalaryň üstüni ýetirdi. Täze kottej toplumynda ýüzlerçe adamyň Hazaryň şypaly kenarynda saglygyny berkidip, göwnejaý dynç almagyna ähli mümkinçilikler, hemme zerur şertleriň döredilendigini ýatlamak ýakymlydyr. Şu ýerde döwletimiziň goldaw-ýardamyna daýanyp, döredijilikli zähmet çekýän türkmen telekeçileriniň edýän tagallalarynam bellemelidiris. Gürrüňi edilýän täze şäherçäniň ýokary hili telekeçilerimiziň uly mümkinçiliklerine şaýatlyk edýär.
Meşhurlygy dünýä dolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlup, ulanylmaga berlen ajaýyp binalaryň we desgalaryň gözel keşbine görk goşýan “Rowaç” kottejler toplumynda saglygyny berkidip, dynç alýanlaryň hyzmatynda boljak sport we çagalar üçin açyk howuz we beýleki mümkinçilikler dogrusynda näçe aýtsaň aýdyp oturmaly.
Her güni zähmet üstünliklerine, buýsançly wakalara beslenýän Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda türkmen halky eşretli ertirine ynamly gadam urýar. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde bolsa il-günümiziň gadamynyň bady barha artýar. Garaşsyz döwletimiziň ykdysady kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanyp, halkara abraýy ýokarlanýar. Şeýle ajap eýýamymyzda jenneti mekana öwrülýän güneşli Diýarymyzda ýaşamak, zähmet çekmek, gurmak we döretmek bagtyýarlykdan nyşandyr. Onsoňam, türkmen halky päk zähmet çekişi ýaly, döwrebap dynç almagam başarýar. Ady agzalan toplumyň ulanylmaga berilmegi bolsa bu babatda ýene bir bähbitli ädimdir.
Baýram AMANOW.“Maru — şahu jahan”.