Watanyň geljegi ýaşlar
29.07.2022
Heniz kiçilikden, çagalykdan köp zady öwrenip, zehinini ýüze çykarmagy başarýan körpelerimiz aramyzda az bolmasa gerek?! Olaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga ýardam etmek bolsa elbetde, ilkinji nobatda ene-ata, soň bolsa, terbiýeçidir mugallyma bagly bolup durýar. Ene-ata hem-de terbiýeçi tarapyndan zehini göze ilen, kiçiliginden köp ertekileridir goşgulary bilýän sowatly körpelerimiziň biri-de Mary şäheriniň “Çeşme” atly 31-nji çagalar bakja-bagynyň uçurymy Emirhan Merdanowdyr.
Emirhan özüniň kiçiligine garamazdan, näçä çenli sana diýseň sanap bilýär. Sanlary sanap oturşyna özüň ýadap saklaýmasaň, ol ýadamany, ýaltanmany bilmän sanaýar. Ondan başga-da, ol heniz çagalar bagynyň kiçi toparynda terbiýelenýärkä 10 ertekini ýatdan aýdyp bilýärdi.
Okuwa höwesli Emirhanyň ýatkeşligi gaty ösen, ol diňlän zadyny çalt almagy başarýar. Başgalar tarapyndan aýdylan her bir sözi yzyna ýeke harpyny hem sypdyrman aýdyp berip bilýär. Mundan başga-da, körpeje rus hem iňlis dilinde goşgudyr aýdym aýtmagy başarýar, ol ýeňil sözleri iki dilde-de ýüzüniň ugruna aýdyp bilýär. Ýazmagy, sanamagy, okamagy mekdebe barmazdan ozal oňat bilýän körpejäniň şeýle zehininiň bardygy ene-atasyny hem-de terbiýeçisini diýseň begendirdi.
“Çeşme” atly 31-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Oguljahan Artykowa Emirhany ýurdumyzda geçirilýän dürli bäsleşiklere gatnaşdyryp, onuň zehini bilen baýrakly orunlara eýe bolmagyny başardy. Şeýle üstünlikler bolsa ençeme ýyl bäri terbiýeçi kärinde zähmet çekip gelýän Oguljahan mugallymyň abraýyna abraý goşdy. Şu ýylyň özünde mugallymyň zehinli körpesi Emirhan “Körpe bilgirjeler” atly bäsleşigiň şäher tapgyrynda baş baýraga, welaýat tapgyrynda bolsa I orna, şeýle-de, “Körpe wäşiler” atly bäsleşigiň şäher hem welaýat tapgyrlarynda baş baýraga eýe bolmagy başardy.
Körpejämiziň geljekde-de durmuş atly sahypasynda ýeňişli ýollarynyň, süýji ýatlamalarynyň köp bolmagyny arzuw edýäris.
Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: zehinli körpe Emirhan Merdanow.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.