28-nji mart Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary günüdir
09.02.2021
2019-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde bolup geçen ikinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berdi. Milli Liderimiz şol mejlisde eden çykyşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadynyň jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adama, onuň bähbitlerine hyzmat etjek häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, ýagny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işini kämilleşdirmekden, şeýle hem, kanun çykaryjylyk işini amala aşyrýan edaralaryň iki palataly ulgamyny döretmekden, demokratik institutlaryň işini has ýokary derejelere çykarmakdan ybaratdygyny nygtap belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýylyň sentýabrynda, Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde ykbal kesgitleýji taryhy çözgütler kabul edildi. “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak hakynda Karar şeýle çözgütleriň biri boldy. Bu Kanunyň güýje girmegi bilen ýurdumyzda iki palatadan ybarat parlament — Mejlisden we Halk Maslahatyndan ybarat Milli Geňeş döredildi. Şeýle-de, mejlisiň barşynda “Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny bellemek hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak bilen bagly guramaçylyk işlerini geçirmek hakynda” Karar kabul edilip, oňa laýyklykda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirmek bellenildi. Saýlaw kodeksine we Merkezi saýlaw toparynyň kararyna laýyklykda, ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda saýlaw möwsümine badalga berildi.
Mary şäher häkimliginiň uly mejlisler zalynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görmek we ony ýokary derejede geçirmek maksady bilen, geçirilen okuw- -maslahatda ýurdumyzyň syýasy durmuşynda örän ähmiýetli bu möhüm syýasy waka mynasybetli welaýatymyzda amala aşyrylmaly işler we öňde duran wezipeler barada giňişleýin gürrüň edildi. Okuw-maslahata Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekili, welaýat saýlaw toparynyň agzalary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, etrap, şäher halk maslahatlarynyň başlyklary we orunbasarlary gatnaşdylar.
Okuw-maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary Aknabat Atabaýewa açdy. Ol ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda jemgyýetimizi mundan beýläk hem kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän konstitusion özgertmeleriň ähmiýeti barada gürrüň berdi.
Okuw-maslahatda Merkezi saýlaw toparynyň wekili Hekimberdi Öwezow, welaýat saýlaw toparynyň başlygy Jennet Halmyradowa, welaýat häkimliginiň bölüm müdiri, welaýat halk maslahatynyň başlygy Eziz Ataballyýew çykyş edip, öňde duran möhüm waka — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly edilmeli işler barada durup geçdiler.
Okuw-maslahatyň ahyrynda çykyş edenler oňa gatnaşanlaryň köp sanly sowallaryna jogap berdiler.
Ýörite habarçymyz.
SURATLARDA: okuw-maslahatdan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.