Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Mawy ýangyjynyň akymy artýar

29.07.2022

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň her güni uly üstünliklere beslenip, şatlykly wakalar bilen şöhratlanýar. Ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýetilýän belent sepgitler Garaşsyz döwletimiziň ösüşli ýoluna itergi berýär. Şeýle zähmet üstünlikleriniň ýurdumyzyň gaz senagaty pudagynda has-da rowaçlanýandygy guwanç duýgusyny döredýär.
Golaýda biz ýene bir şatlykly wakanyň şaýady bolduk. Has takygyny aýtsak, welaýatymyzyň çäginde täze özleşdirilýän Şerepli gaz ýatagynda gazly ýerleriň üstüni açmakda degerli işler güýçli depginde alnyp barylýar. Şeýlelikde, bu ýerde 01 belgili ulanyş-baha beriş guýusyndan tebigy gaz alyndy. Guýynyň taslama çuňlugy takmynan, iki müň 600 metre barabar hasap edilse-de, burawlaýjylar iki müň 330 metr çuňlukdan tebigy gazy almagyň hötdesinden geldiler. Munuň özi, hünärmenleriň çaklamalaryna görä, bu gaz ýatagynyň örän uly geljegine bil baglamaga mümkinçilik berýär.
Gürrüňi edilýän gaz guýusyny burawlamak işini “Türkmengaz” Döwlet konserniniň “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň zähmetsöýer burawlaýjylary ýerine ýetirdiler. Müdirligiň burawlaýjylarynyň tutanýerli zähmeti bilen täze guýyny ulanmaga bermek 6 aýyň dowamynda berjaý edildi. Şu gaz guýusyndan çykan tebigy gazyň aýratynlygy onuň kükürt-wodorodsyz, arassalygy bilen tapawutlanýar. Täze gaz guýusy gije-gündizde 695 müň kub metr tebigy gaz berýär. Bu waka ýurdumyzda mawy ýangyjy çykarmakda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna güwä geçýär. Guýyny burawlamakda meýdançanyň başlygynyň orunbasary Atamyrat Öwejow, buraw ussasy Gurbangylyç Amangylyjow, burawlaýjy Annagylyç Hydyrow, bejeriji Işanberdi Hajyýew, synag geçiriji topardan Baba Babaýew, Batyr Orazow, Orazgeldi Çaryýew, Gadam Bagyýew has öndürijilikli zähmet çekdiler. Zähmetsöýer gazçylaryň birleşen tagallalary netijesinde täze gaz ýatagyny özleşdirmekde ýokary netijeler gazanyldy we gazanylýar. Önümçilik meýdançasynyň geologlary bu gaz ýatagynda 02-nji ulanyş- -baha beriş gaz guýusynyň burawlamak işine girişmegi maksat edinýärler. Müdirligiň baş geology Muhammet Saparmyradow bu ýerde işleriň talaba laýyk alnyp barylmagy ugrunda ähli tagallalary edýär.

Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: täze gaz guýusynda işleriň barşyndan pursat.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.