Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

29.07.2022

Şu günler, Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň tomus paslynda, galladan boşan meýdanlarda sürüm we tekizleşik işlerini talabalaýyk geçirmek boýunça işler gyzgalaňly depginlerde alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça we gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede guralýar. Şeýle-de, ýetişdirilen gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almak işleri talabalaýyk berjaý edilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň nygtap geçişi ýaly, ýurdumyzyň bazarlarynda önüm bolçulygynyň üpjün edilmeginde uly ähmiýete eýedir.
Golaýda, ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň gidişi bilen ýakyndan tanyşmak üçin biziň döredijilik toparymyz Wekilbazar etrabynda iş saparynda boldy. Boýy ýeten, gök öwsüp oturan gowaçaly meýdanyň öz gözelligi bilen köpleriň ünsüni çekmegi ýönelige däl. Bu ýerde hakyky daýhanyň, ýer eýesiniň eýeçilik gözi duýulýar. Gowaçanyň çürtüm işleri göwnejaý geçirilen, güllere basyrylyp gapdal şahalaryna agram berip oturan gozalary göreniňde “berekella” diýeniňi duýman galýarsyň.
Biz ekin meýdanyna baranymyzda, ýer eýesi, telekeçi ýigit Jumamuhammet Muhyýew, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Mekan Annadurdyýew, etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň hünärmeni Batyr Kesäýew bilen gabatlaşyp, tanyşdyk.
— Men, etrabyň Mülkamaşa geňeşliginiň çäginden 99-ýyllyk möhlet bilen hususy eýeçilige ýüz gektardan gowrak ýeri aldym. Iş täze bolansoň, ugrukdyrmak üçin guramaçylyk işlerine üns berýäris. Ýakyn kömekçilerim, inim Akmämmet Muhyýew bilen Töre Bäşimow ekinlere ideg etmekde uly ýardam edýärler. Häzirki wagtda 46 gektar meýdanda gowaça ideg işlerini talabalaýyk geçirmek üçin alada edýäris. Şeýle-de, galladan boşan meýdanda sürüm we tekizleşik işleri utgaşykly geçirilýär — diýip, Jumamuhammet Muhyýew bizi işleriň gidişi bilen tanyşdyrýar.
Dogrudanam, ekin meýdanynda işler gyzgalaňly häsiýete eýe. Ussat mehanizatorlar Şatlyk Agamämmedow, Osman Ataýew özleriniň erk edýän tehnikalary bilen ýeriň göwsüni dilip, endigan agdaryp, indiki hasylyň düýbüni tutmak işlerine öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. Bize bolsa agzybir, joşgunly zähmet çekýän ýer eýesine we onuň ýakyn kömekçilerine işlerinde üstünlik arzuw edäýmek galýar. Işleriňiz şowly, ekinleriňiz hasylly, bereketli bolsun!

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: Akmämmet Muhyýew gowaça meýdanynda; TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Mekan Annadurdyýew kärendeçi Töre Bäşimow bilen sürümiň hiline seredýär.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.