Il saglygy — ýurt baýlygy
22.07.2022
Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy netijesinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak zerurlygy ýüze çykýar. Şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly, dogry berjaý etmelidir. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlar lukmanyň gözegçiliginde bolmaly. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmak maslahat berilmeýär. Möhüm zerurlyk bolmasa, irden sagat 9:00dan öýlän howanyň salkynlaýan mahalyna — 18:00a çenli daşary çykmazlyk, möwsüme görä açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýinmek, Günüň şöhlesinden goranmak üçin kellä başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan götermek, arassa agyz suwuny ýanyň bilen almak maslahat berilýär. Şeýlede, günüň dowamynda gerekli mukdarda — 22,5 litre çenli arassa agyz suwuny içmeli. Tomsuň yssy günlerinde daga, açyk meýdanlara gezelençleri guramazlyk, açyk meýdanda işleýän adamlara möwsüme görä geýinmek maslahat berilýär.
Tomus aýlarynda iýmit önümlerine has ünsli bolmaly. Gök bakja önümlerini, miweleri, süýt we süýt önümlerini köpräk ulanmaly. Ýagly we ajy tagamlardan daşda bolmaly. Kakadylan et we balyk önümlerini, şöhlady iýmitiňizden aýyrmaly. Naharlar, esasan, gaýnadylan we buglanan görnüşinde taýýarlanylmalydyr.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.