Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar
22.07.2022
Üstümizdäki Halkyň Arkadagly zamanasy ýylyny ähli ugurlar boýunça ýokary netijeler bilen şöhratlandyrýan zähmetsöýer türkmen halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar günlerini başdan geçirýär.
Häzirki günler welaýatyň ekin meýdanlarynda gowaçalara agrotehniki talaba laýyk ideg etmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Ýakynda biziň döredijilik toparymyz ýerlerde işleriň guralyşy bilen gyzyklanyp, Sakarçäge etrabynda iş saparynda boldy. Ir säher Akýap geňeşliginiň arçyny Aşyr Sähedow bilen iş ýerinde gabatlaşanymyzda, ol bizi “Daýhan geňeşi” daýhan hojalygynyň eýesi, işbaşarjaň telekeçi, zandy daýhan Gurbanmuhammet Çaryýarow bilen tanyşdyrdy. Ýer eýesi Gurbanmuhammet aga bize gowaçanyň ýagdaýyny ekin üstünde görmegi teklip etdi.
— Häzir işleriň gyzgalaňly wagty. Daňyň atary, Günüň batary diýen ýaly, maşgala agzalarynyň goldawy netijesinde ekinlere ideg işlerini talabalaýyk alyp barýarys. Çekilen zähmetiň hözirini hem görýäris. Daýhan hojalygy jemi 34 gektar meýdana eýeçilik edýär. Şonuň 17 gektaryna bugdaý, galan bölegine bolsa gowaça ekýäris. Ekin dolanyşygyny sazlaşykly gurap, ýeri gurplandyrmak işlerini agrotehniki talaplara görä alyp barýarys. Üstümizdäki ýylda galla oragy möwsüminde gektaryň hasyllylygyny 50 sentnerden geçirip, Watan harmanyna 85 tonnadan gowrak guşgursak bugdaý dänesini tabşyryp, borçnamalaýyn meýilnamamyza artykmajy bilen hötde geldik. Bu bolsa çekilen zähmetiň rehnediniň bardygyna, halal baýap boljakdygyna güwä geçýär. Galladan boşan meýdanda sürüm işlerini öz wagtynda geçirip, aralyk ekin bolan düme garpyzyny ekdik. Daýhan hojalygymyza goşmaça girdeji berjek, gününi sanap ösýän garpyzlar biýarasyny ýaýradyp, saryja güljagazlaryny güjeňläp töwerekdaşyna gözellik paýlaýar — diýip, Gurbanmuhammet aga joşup gürrüň berýär.
Aýaly Sabyr gelnejäniň, ogullary Agamyratdyr Süleýmanyň, gelni Enebaýyň ýadawsyz çekýän zähmetleri netijesinde 17 gektara ekilen gowaçaly meýdan özüniň gözelligi bilen göreniň ünsüni özüne çekýär. Döşüňe ýetip duran gowaçalardaky gozalar, ülpüldeşýän dürli reňkli güller geljekki bol hasyldan habar berýär. Her ýylam gowaçanyň “Ýolöten7” orta süýümli sortuny ekýän Gurbanmuhammet aga onuň abynytabyny alypdyr. Geçen ýylam pagtanyň hasyllylygyny 40 sentnerden geçiren maşgala agzalary bu ýyl hem oňat hasyla garaşýarlar. Mineral dökünler bilen iýmitlendirilip, üçünji suwy tutulan gowaçalaryň ýagdaýy oňat.
Şeýlede, bu daýhan hojalygynyň işeňňir agzalary, ýüpekçiligi ösdürmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Meýilnama boýunça şu ýyl 40 gram ýüpek gurçugyna ideg edip, 110 kilogramdan gowrak piläni Watan harmanyna goşant edip goşmaça girdeji aldylar.
Işleýäniň gadyry bilnip, halal zähmet bilen baýamaga giň ýol açýan, öndürijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda “Daýhan geňeşi” daýhan hojalygynyň armazak agzalaryna işlerinde üstünlik ýar bolmagyny arzuwlaýarys.
Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: Akýap geňeşliginiň arçyny Aşyr Sähedow bilen ýer eýesi Gurbanmuhammet Çaryýarow iş üstünde.