Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Welaýat zenanlar bölüminde

16.07.2022

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Gülüň owadan» bäsleşiginiň welaýat tapgyry golaýda Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baýramaly şypahanasynda geçirildi. Oňa şäherdir etraplardan keçe taýýarlaýan eli çeper, ussat gelin-gyzlar gatnaşdylar. Bäsleşigi TAP-nyň Baýramaly şäher komitetiniň başlygy Eneş Orakowa alyp bardy.
«Gülüň owadan» bäsleşigine gatnaşyjylar ata-babalarymyzdan miras galan keçe sungaty hakynda — keçe basmagyň aýratynlyklary, ýüň saýlanylyşy, ýüňleriň reňklenilişi, daralyşy, gamyş dokalyşy barada gürrüň bermek, keçäni güllemek, pisgelemek ýaly iş pursatlaryny görkezmek, keçe bilen baglanyşykly gyzykly rowaýatlary, yrymlary we däp-dessurlary aýdyp bermek, milli mirasymyza bolan ýürek buýsançlaryny beýan etmek ýaly şertler boýunça bäsleşdiler. Bu ýerde welaýatymyzyň mahmal owazly zenan aýdymçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary keçe taýýarlaýan bäsdeş gyz-gelinlere ruhy lezzet paýlady.
Eminler toparynyň agzalary bäsleşigiň adyndan belli bolşy ýaly, owadan gülli keçeleri taýýarlan gelin-gyzlaryň işlerine mynasyp baha berip, ýeňijileri yglan etdiler. Netijede, baş baýraga Tagtabazar etrabynyň, 1-nji orna Mary şäheriniň, 2-nji orna Ýolöten etrabynyň, 3-nji orna bolsa Baýramaly şäheriniň keçe taýýarlaýan gyz-gelinleri mynasyp boldular.
Ýeňijiler TZB-niň welaýat bölüminiň hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldylar. Baş baýraga mynasyp bolanlar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

B. JUMADURDYÝEWA.
SURATDA: bäsleşigiň geçişinden pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.