Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

16.07.2022

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Murgap jülgesiniň zähmetsöýer, janypkeş babadaýhanlary öndürijilikli zähmet çekmek üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarlar. Olar göz öňünde tutulýan işleri ýokary hilli ýerine ýetirmek bilen esasy baýlygymyz bolan “ak altynyň” bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda ýadawsyz alada edýärler. Ekinleriň agrotehniki hyzmatlaryny talabalaýyk geçirmekde tehnikanyň hyzmatyndan öndürijilikli peýdalanýan hasyl ussatlarynyň göwünleri hoş.
Daýhanyň ýakyn we ygtybarly daýanjy bolan tehnikany netijeli işletmekde, hatar aralaryny ýumşatmakda, mineral dökünler bilen iýmitlendirmekde Mary etrabynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary yhlasly işläp, tarypa mynasyp işleri bilen öndürijilikli zähmet çekýärler. Olar özlerine ynanylan tehnikalara eýegözin ideg işlerini amal edip, önümçilikde ulanmakda erjellik görkezýärler.
Bu kärhanada, indi biregne 15 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýän ökde mehanizator Allamyrat Rejepow hem daýhanyň ýakyn ýardamçysy. Ol öz edýän işine jogapkärçilikli çemeleşip işiň kemini-köstüni goýanok. Işdeş ýoldaşlarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanýan Allamyrat daýhanlaryň sagbolsunyna mynasyp bolýar.

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: Allamyrat Rejepow bejergi işlerini geçirýär.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.