Bilimli nesil — kuwwatly Watan
08.07.2022
Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş nesli edepli-terbiýeli, ylymly-bilimli, ata Watanymyza mynasyp ýaşlar edip ýetişdirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigini özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp işleýän Serhetabat etrabynyň Çemenabat geňeşliginde ýerleşýän 6-njy çagalar bakja-bagyň işgärleriniň irginsiz çekýän zähmetinde hem görmek bolýar.
Bakja-baga Aýýaly Berekedowa ýolbaşlyk edip, ol agzybir işgärler bilen çagalary döwrebap terbiýeläp, olaryň günlerini şatlykly geçirmekleri ugrunda uly alada edýär.
Bagda körpeler ýaş aýratynlyklaryna görä, toparlara bölünip, olaryň her bir pursatlaryny şadyýan geçirmekleri gazanylýar. Şeýle-de, bakja-bagda terbiýeçiler çagalara türkmen tebigatynyň gözelligi, türkmen ertekileriniň gahrymanlary, ýol hereketiniň düzgünleri hakynda ýatda galyjylykly gürrüňleri berýärler.
Bakja-bagyň mekdebe taýýarlaýyş uly toparynyň terbiýeçisi Akmaral Ataýewa körpeleriň mekdebe taýýarlykly barmagy ugrunda döwrüň talabyna görä iş alyp barýar. Iş tejribesi ýetik Akmaralyň bilim we terbiýe berýän körpejeleri sanamagy, goşmagy, aýyrmagy, dürli suratlara seredip sözlem düzmegi başarýarlar. Bu bolsa olaryň bilimler dünýäsine aralaşyp, ilkinji ädimleriniň şowly bolmagyna uly täsirini ýetirýär.
Şeýle hem bu ýerde körpeleriň gyzykly oýunlara gümra bolup, wagtlaryny hoş geçirmekleri ugrunda terbiýeçileriň yhlasly tagallalary ýerine düşýär. Bakja-bagyň işjanly işgärleri Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda ýurdumyzyň ösüşli menzillerine goşantlaryny goşmak maksady bilen yhlasly zähmet çekýärler.
M. DAŇATAROWA.
SURATDA: bakja-bagyň terbiýeçisi Akmaral Ataýewa sapak wagtynda.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.