Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

09.02.2021

Häzirki wagtda howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle hem howanyň sowamagy bilen baglanyşykly ýokanç keselleriň garşysyna öňüni alyş çäreleri ýurdumyzda, şol sanda welaýatymyzda hem giň gerime eýe bolýar.
“Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen pähimden ugur alyp, ilata hyzmat edýän Tagtabazar etrap hassahanasynyň Azatlyk oba saglyk merkezine indi 2012-nji ýyldan bäri Baýram Taňňyýew ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylygynda ilatyň saglygynyň aladasyndaky işler döwrüň talabyna laýyk alnyp barylýar. Bu oba saglyk merkezi geçen ýylda etrabyň oba saglyk merkezleriniň arasynda “Saglygym — baýlygym, ilim bilen barlygym” diýen at bilen guralan bäsleşige gatnaşyp, ilata hyzmat etmekde, ýokanç kesellere garşy göreşmekde, çagalaryň we ulularyň arasynda, sanjym geçirmekde, wagyz--nesihat işlerini alyp barmakda uly işler bitirýändigini görkezdi. Bu ýerde işleýän maşgala lukmany Amandurdy Allanowyň, şepagat uýalary Aksoltan Rozyýewanyň, Amangözel Gylyjowanyň, Melewşe Amangeldiýewanyň, Göwher Bäşimowanyň, Melewşe Garaýewanyň, Aýbölek Rejepowanyň ynsan saglygyny dikeltmekde hyzmatlary uludyr.
Oba saglyk merkezine degişli 4 maşgala meýdançasy bar. Şirin Aganýazowa, Amandurdy Allanow, saglyk merkeziniň müdiri Baýram Taňňyýew, Gurbangül Baýramowa dagy özlerine degişli maşgala meýdançasyna başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edýärler. Olar özlerine degişli maşgalalara saglygy goramagyň biziň her birimiziň diňe özümize baglydyny düşündirip, keseliň alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda lukmanlar bilen maslahatlaşyp, olary habarly etmeklerini duýdurýarlar. Pasla görä geýinmeklerini, agyz- -burun örtüklerini dakynmagy, arassaçylyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý edip, ýokanç kesellerden goranmagy, köpçülik ýerlerinde 2 metr aralygy saklamagy maslahat berýärler.
Saglyk merkeziniň müdiri Baýram lukman müň derdiň dermany bolup hyzmat edýän üzärligiň adam saglygyna peýdasynyň uludygy barada täsirli gürrüň berýär. Ony wagtly-wagtynda tütedip, otaglary ýelejiredip durmalydygyny, zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassaçylyk işlerini berjaý etmelidigini, şu maslahatlar berk berjaý edilende, saglygymyzy ýylyň islendik paslynda gorap biljekdigimizi nygtaýar.
Oba saglyk merkeziniň diş lukmany Rahmanýaz Nuryýewiň hem halka hyzmat etmekde hyzmaty uludyr. Iş tejribesi ýetik bu lukman dişlerimiziň ak gar ýaly ak we sagdyn bolmagyny, olary aýawly saklamalydygyny, dişleriň şikes tapmagyna ýol bermeli däldigini maslahat berýär. Ynsan gözellikleriniň biri bolan dişlerimize gowy ideg edip, seretsek, ol şonça-da sagdyn hem berk bolar diýip, düşündirýär.
Rahmanýaz lukman bu arzyly kärinde baý tejribe toplap, raýatlaryň alkyşly sözlerine mynasyp bolýar.

Akmaýa HOJANYÝAZOWA. “Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: saglyk merkeziniň müdiri Baýram Taňňyýewiň üzärligiň ähmiýetini düşündirýän pursaty; diş lukmany Rahmanýaz Nuryýew iş wagtynda.
Suratlary düşüren Çary AMANGELDIÝEW.