Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna

08.07.2022

Golaýda Wekilbazar etrabynyň Mollanepes şäherçe medeniýet öýünde TDP-niň welaýat komitetiniň talyp ýaşlaryň arasynda yglan eden «Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy dünýä halklarynyň dilinde» atly çeper okaýyş boýunça bäsleşiginiň 2-nji jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň 1-nji tapgyrynda ýeňiji bolan talyp ýaşlar gatnaşdylar. Olar akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýatdan, labyzly, çeper we dürs okamakda, goşgularyň many-mazmunyny giňişleýin düşündirmekde bäsleşdiler.
Bäsleşigiň ahyrynda TDP- -niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri, eminler toparynyň başlygynyň orunbasary Myrat Ataýew hem-de TDP-niň şäher komitetiniň başlygy, eminler toparynyň agzasy Hekimberdi Orazberdiýew çykyş edip, ýeňiji bolan zehinli ýaşlary gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutladylar. Netijede, Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Merdan Babaýew 1-nji, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Jemal Gurbanowa 2-nji, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Annamuhammet Agajanow 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Ýeňijilere TDP-niň welaýat komitetiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary, bäsleşige gatnaşan beýleki talyp ýaşlara bolsa höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: bäsleşikden pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.