Bilimli nesil — kuwwatly Watan
01.07.2022
Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Watanymyzyň ähli ugurlarda ösdürilmegine halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli işler barha rowaçlanýar. Milli Liderimiziň ýurdumyzda tehniki, tehnologik we takyk ylymlary ösdürmek baradaky ähmiýetli başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly mümkinçiliklere giň ýol açýar. Ýurdumyzda zehinli ýaşlary iň täze tehnologiýalary özleşdirmäge we ylym ulgamyna çekmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bäsdeşlige ukyply hünärmenleri, alymlaryň neslini kemala getirmek boýunça dürli çäreler geçirilýär. Çünki, häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň ösüşi, özgerişi, ilki bilen, bilimiň we ylmyň ösüş derejesine baglydyr.
Mary şäherindäki “Algoritm” okuw merkezinde sanly tehnologiýalardan giňişleýin peýdalanylmagy ýagty geljegimiz bolan ýaşlaryň kämilleşip, innowasion ösüşleriň öň hatarynda bolmagyna uly ýardam berýär. Bu okuw merkezinde ýaşlaryň isleglerine görä, okuwlary onlaýn we oflaýn görnüşlerinde okadylýar. Dogrusy, çagalar bu ýerde türkmen, iňlis, rus, nemes, fransuz, ýapon, hytaý dillerinde okap, bilimlerini çuňlaşdyryp bilýärler. Olara kompýuter sowatlylygynyň ähli görnüşleri, aýdym-saz gurnaklary, edep-terbiýe sapaklary, mekdebe taýýarlyk, olimpiadalara, ýokary okuw jaýlaryna taýýarlyk görmek ýaly şertleriň ählisi döredilipdir. Okuw merkeziniň mugallymlarydyr hünärmenleri hem-de bilim alýan okuwçylar täze ylmy taglymatlary öwrenip, dünýä tejribesinden, öňdebaryjy tehnologiýalardan tejribe toplaýarlar.
— Ýaş neslimiziň gözýetimi giňäp, olaryň okamak höwesleri gün-günden artýar. Şu günki günde okuw merkezimizde 600-den gowrak okuwçy bilim-terbiýe alýar. Olara 25 töweregi halypa mugallymlardyr hünärmenler sapak berýärler. Çagalar dilleriň 7-sinden baş çykaryp bilýärler. Şeýle hem okuwçylar takyk sapaklardan, ýagny, himiýa, fizika, matematika, taryh derslerinden okadylýar. Bu okuw merkezinde çagalar kompýuter sowatlylygynyň ähli görnüşlerini öwrenýärler. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, daşary ýurtlarda toplanan tejribäniň öwrenilmegi, ylym we bilim ulgamynyň düýpli özgerdilmegi netijesinde elektron senagaty ösdürilýär. Döwrebap bilimi, giň tejribäni talap edýän önümçilikleriň döredilmegi bolsa, mugallymlarymyzyň, hünärmenlerimiziň netijeli işlemegine giň mümkinçilikleri döredýär. Biziň kompýuter tehnologiýasyny giňişleýin peýdalanmagymyzda we döwrebap aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmekde oňyn öňegidişlikler gazanylýar.
Häzirki döwürde bu bilim merkezinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen okuw işlerinde halkara tejribesi we ylmyň häzirki zaman gazananlary ulanylýar. Okuwlaryň mazmuny medeniýetde, ykdysadyýetde, ylymda, tehnikada we ýokary tehnologiýalarda gazanylýan üstünlikler bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan doly baş çykaryp bilmegini gazanmak üçin milli bilim ulgamymyzyň öňünde duran jogapkärli wezipeler häzirki wagtda giňişleýin öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň innowasiýalar arkaly ýaşlara ylym-bilim öwretmek barada alyp barýan toplumlaýyn işleri barha rowaçlanýar. Şonuň ýaly uly aladalar bilen gurşalýan ýaşlaryň halkymyzyň mundan beýläk hem bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge goşant goşjakdyklaryna ynamymyzy artdyrýar — diýip, “Algoritm” okuw merkeziniň başlygy Guwançmyrat Orazow gürrüň berýär.
Ýaş neslimiziň ylymly-bilimli bolmaklaryna giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Ogulşat BERKELIÝEWA.
SURATDA: “Algoritm” okuw merkeziniň durmuşyndan pursat.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.