Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Düýn welaýatymyzda Medeniýet hepdeligine badalga berildi

23.06.2022

Bagtyýar zamananyň bagtly günlerinde bolelin, parahat, asuda durmuşda ýaşaýan türkmen halky täze ösüşlere, belent sepgitlere sary öňe barýar. Ata Watanymyzyň pajarlap ösmegine her bir pudakda zähmet çekýän türkmenistanly yhlasyny gaýgyrman uly goşant goşýar. Diýarymyzyň at-owazasy, abraý-mertebesi arşa göterilýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bagtyýar döwrümiziň ösüşlere beslenýän günleri altyn sahypalaryň gatlaryny köpeldýär. Şeýle bagtly, ajaýyp zamanamyzyň bardygyna biziň her birimiz buýsanmaga haklydyrys.
Her bir döwlet özüniň ykdysady ösüşleri, medeniýeti, sungaty, taryhy ýerleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Türkmenistan döwletimiziň islendik ulgamyny alanymyzda-da, ol beýleki döwletlerden düýpgöter tapawutlanyp, dünýä döwletlerinde uly gyzyklanma döredýär. Esasan-da, türkmen medeniýeti, sungaty, milli däp-dessurlarymyz, milli egin-eşiklerimiz dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Bu bolsa biziň abraýymyzyň has-da arşa göterilmegine uly itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamyndaky beýik başlangyçlary Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda mynasyp dowam etdirilip, medeniýet ulgamynyň pajarlap ösmeginde giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ulgamda halkara gatnaşyklarynda-da ykjam hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar. Dünýä döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň çäklerinde geçirilýän halkara festiwallarydyr maslahatlary, bäsleşikleri bu aýdýanlarymyza doly şaýatlyk edýär. Şeýle-de, häzirki wagtda dürli döwletler bilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi dünýä medeniýetiniň ösmegine uly itergi berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäniň abraýly guramalary, ilkinji nobatda bolsa BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň BMG-niň ylym, bilim we medeniýet meseleleri boýunça guramasy — ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy we giňeltmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň bu guramanyň düzümine girmegi, biziň milli gymmatlyklarymyzyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi biziň üçin ýatdan çykmajak wakalara öwrüldi.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, indi, ençeme ýyl bäri, has takygy, 2013-nji ýyldan bäri Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň uly baýram edilip bellenilýän günleriniň öň ýanynda Medeniýet hepdeliginiň her ýyl bir welaýatda geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Hepdeligiň dowamynda bäş welaýatyň hem-de Aşgabat şäheriniň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda täsirli çärelerdir konsertler guralýar. Bu bolsa hemmeleriň göwün guşuny göterip, olara ruhy lezzet paýlaýar. Ýyllar geçip, gadymy Mary topragy ýene gujagyny giňden ýaýdy. Çünki bu ajaýyp günlerde Medeniýet hepdeligi giň sähraýy ýerlerde gül açyp oturan, ajaýyp tebigy gözelligi bilen hemmeleri haýrana goýýan, taryhy ýerleri bilen dünýä alymlaryny özüne çekýän gadymy Maryda uly şowhun bilen geçirilýär. Düýn Mary şäherinde ýerleşýän Ruhyýet köşgünde Medeniýet hepdeligine uly joşgun bilen badalga berildi. Bu ýerde hepdeligiň açylyş dabarasy guraldy.
Ir säher bilen Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Ruhyýet köşgüniň giň eýwanynda guralan sergini synladylar. Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň aýratynlykda ýerleşdirilen şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, türkmen milli saz gurallarynyň, kitap we neşir önümleriniň sergisine aýlanylyp görüldi. Ajaýyp binanyň giň meýdançasynda bäş welaýatyň tans toparlarynyň şüweleňli tansy hem-de ussat aýdymçylaryň çykyşy dabaranyň şowhunyny belende göterdi.
Arkadagly Serdarymyzyň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlanan açylyş dabarasy örän täsirli boldy. Şatlyk-şowhunyň gaýnap joşan pursatlarynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertine giň orun berildi.
Baýramçylyk konserti “Äleme ýaň salan türkmen sungaty” atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Onda Türkmenistanyň at gazanan artistleri, Türkmenistanyň halk artistleri, ýaş aýdymçylar we ýurdumyzda geçirilýän dürli döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri çykyş etdiler we gatnaşyjylaryň ruhuny göterdiler. Şüweleňli konsertde estrada, halk aýdymlarynyň, operalardan ariýalaryň ýerine ýetirilmegi konsertiň şowhunyny artdyrdy. Türkmenistanyň döwlet we beýleki tans toparlarynyň, bäş welaýatyň birleşen folklor-tans toparlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp tanslary bolsa, sahna aýratyn öwüşgin çaýdy.
Däp bolşy ýaly, konsertiň soňky çykyşlarynda “Küştdepdi” aýdyldy we tansy ýerine ýetirildi. Şeýle-de, “Gülle sen, sungatym, gül Diýarymda!” atly jemleýji aýdym konserte gatnaşyjylar tarapyndan ýerine ýetirilip, baýramçylyk konserti tamamlandy.
Şol günüň dowamynda ýene-de birnäçe medeni çärelere giň orun berildi. Has takygy, hepdeligiň badalga alan gününde «Mary» myhmanhanasynda «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň halkara hyzmatdaşlygyndaky orny» atly wideoaragatnaşyk arkaly halkara media-forumy, welaýat kitaphanasynda döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda «Arkadagyň dowamaty dowamdyr» atly iş maslahaty we şygryýet agşamy geçirildi. Bulardan başga-da, Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda ýurdumyzyň wäşileriniň çykyşlary, Mary şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyryldy. Şeýle täsirli hem şüweleňli, şatlyk-şowhunly çäreleriň ençemesi Mary topragynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dowamynda yzygiderli guralar. Türkmen medeniýetini arşa göterip, medeniýet we sungat işgärleriniň yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzyň abraýyny ýokary götermekde alyp barýan işlerinde giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Goý, türkmen medeniýeti ýyl-ýyldan arşa galyp, Türkmenistan döwletimiziň at-owazasyny äleme ýaýsyn!

Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.