Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Medeniýet, sungatym dünýä ýaň salýar, Iň gözel arzuwlar kalbyňa dolýar.

23.06.2022

Türkmeniň milli guwanjy hem buýsanjy, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy türkmen halkynyň egsilmez milli baýlygydyr. Akyldaryň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri halkymyzyň egsilmejek hazynasydyr. Magtymguly Pyragy her bir türkmeniň kalbynda, aňynda ýaşap gelýär. Onuň şygryýet dünýäsi giň hem çäksizdir. Şahyryň eserlerinde gozgalmaýan mesele ýok. Ol bütin ömründe halkyna hyzmat edip, ähli ukybyny, başarnygyny, zehinini il-güne bagyşlapdyr. Hemişe Watan hakyndaky oý-pikirler bilen ýaşapdyr. Watana bolan çäksiz söýgi, buýsanç onuň goşgularynda belent owaz bolup ýaňlanýar.
Şahyr Watany söýmegi, ony gözüň göreji ýaly gorap saklamagy her bir türkmeniň mukaddes borjy hasaplapdyr. Magtymguly Pyragynyň kalbynda milli döwlet döretmek hakyndaky watançylyk ündewleri döränden soň, arzuw-hyýallarynyň hakykata öwrülmegini isleýär. 0l syýahat eden ýerlerinde, medreselerde okan döwründe-de, geljekki türkmen döwletini esaslandyrmagyň ýollaryny gözleýär. Şeýle oý-hyýallardan soň, türkmenleriň öz erkinligini özleriniň gazanmalydygyna göz ýetirýär. Şonuň üçinem şahyr bir döwlete gulluk edilse, özbaşdaklygy, özerkliligi gazanyp boljakdygyny aýdýar. Özbaşdaklygy, erkinligi, asudalygy gazanyp, bir bitewi döwlet gurmak pikirini amala aşyrmagy özüne maksat edinip, döreden şygyrlary bilen şahyr halkyň söýgüsine hem-de hormatyna mynasyp boldy. Akyldar şahyr halky galkyndyrjak ýoly aýdyň seljerýär. Ol ýol erkinlik, özbaşdaklyk, bitewi bir döwletlilikdir.
Akyldar şahyr öz şygyrlarynda türkmen halkyna hakyky Watan oglunyň keşbini açyp görkezýär, watançy ýigidiň il-güne ýakyn adamdygyny nygtaýar. Şahyr ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemegiň, olarda Watana, il-güne bolan belent söýgini döretmegiň aladasyny edipdir. Magtymguly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmegi Watan goragçysynyň gahrymançylygy, mertligi bilen deňeşdiripdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň milli ruha ýugrulan baý şahyrana döredijiliginiň gadyr-gymmaty has-da artdy. Onuň eserleri ýaş nesli döwrebap terbiýelemekde gymmatly hazyna öwrüldi.

Meňli MOMMODOWA.
Welaýat kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.