Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

21.06.2022

Günüň gyzan wagtynda, zerurlyk bolmasa, daşary çykmaly däl.
Daşary çykylan ýagdaýynda, Günden goranmak üçin hökman kelläňize ýeňiljek başgap geýiň, ýaglyk daňynyň ýa-da saýawan göteriň!
Ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.
Günden goraýjy äýnekleri dakynmak peýdaly.
Günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý arassa suw içmeli.
Gazlandyrylan içgilerden, agyr, ýagly naharlardan saklanyň!
Tomusda gartaşan adamlar we 2 ýaşa çenli çagalar bilen daşary çykylanda has-da seresap bolmaly.
Yssy howada gyzyp gelip sowuk suwa düşmekden, sowadyjynyň öňünde durmakdan, buz ýaly sowuk içgileri içmekden saklanyň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.