Welaýat zenanlar bölüminde
21.06.2022
Ýakynda TZB-niň Merkezi Geňeşi bilen TKA-nyň Milli merkezi eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan bagtly maşgalalaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp kitaby esasynda «Döwleti hem, halky hem beýgeldýän ynsanlardyr» atly bäsleşigi yglan etdi.
Golaýda Sakarçäge şäherindäki «Görelde» toý-dabaralar mekanynda bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa şäherdir etraplardan bagtyýar maşgalalaryň ençemesi gatnaşdy.
Bäsleşige gatnaşyjylar alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly eserinden parçalary labyzly, çeper okamak ýa-da ýatdan aýtmak, kitapda beýan edilen bölümlerden bir pursady ýokary derejede ussatlyk bilen sahnalaşdyrmak, kitapdaky türkmene mahsus bolan nika gyýmak dessuryny ýerine ýetirmek ýaly şertler boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň dowamynda welaýatymyzyň zenan aýdymçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary görkezildi.
Netijede bäsleşikde has tapawutly çykyş eden bagtly maşgalalar öňdäki orunlara mynasyp boldular. Murgap etrap medeniýet bölüminiň Şordepe geňeşliginiň Meýletinlik oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Güljan Nurýagdyýewanyň bagtyýar maşgalasy baş baýraga mynasyp boldy. Ýolöten etrap medeniýet bölüminiň Talhatanbaba oba medeniýet öýüniň medeni çäre gurnaýjysy Ýazsoltan Gurdowanyň bagtly maşgalasy 1-nji orny, Sakarçäge etrap medeniýet bölüminiň Garybata oba medeniýet öýüniň müdiri Bahar Galandarowanyň bagtly maşgalasy 2-nji orny hem-de welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Ogulbagt Amangeldiýewanyň bagtly maşgalasy 3-nji orny eýelemegi başardy. Baş baýraga mynasyp bolan bagtly maşgala bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Ýeňijilere TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: bäsleşigiň geçişinden pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.