Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe
21.06.2022
Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda toýlar goşa-goşadan gelýär. Ýurdumyzda baýramçylyklar dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Türkmen taryhynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň heýkeline nazaryň kaklyşanda, onuň öz halkyna galdyran öwüt-nesihatlary, sargytlary biygtyýar ýadyňa düşýär. Beýik şahyryň şygyrlarynyň aglabasy biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ol ähli türkmen halkyny agzybirlige, bitewülige çagyrýar. Golaýda Mary şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebinde “Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy lukmany” diýen şygar astynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa şäher kitaphanalarynyň kitaphanaçylary, mugallymlar, mekdep okuwçylary hem-de jemgyýetçilik guramalaryndan wekiller gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasyny mekdep kitaphanasynyň kitaphanaçysy Akjemal Hommyýewa açdy we alyp bardy.
Al-asmanda pasyrdaýan dürli reňkdäki baýdaklar, Watanymyzy wasp edýän şygarlar, Magtymgulynyň goşgularyndan görnükli edilip ýazylan setirler dabara gatnaşyjylaryň joşgunyny artdyrdy. Şeýle hem dabarada mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň görkezen sahna çykyşlarynda, tanslarynda Magtymgulynyň goşgularyndaky wakalar janlandyrylanda türkmeniň milli däp-dessurlary bilen baglanyşdyrmaklyga aýratyn üns berildi. Dabarada aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem--de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen dabarada mekdebiň müdiri Atageldi Gulow çykyş etdi. Ol çykyşynda:
— Magtymguly Pyragy halkymyza hemişe ajaýyp durmuşyň gelerini arzuwlap ýaşapdyr. Ýöne, oňa bu ajaýyp döwürde ýaşamak bagty miýesser etmändir. Bu bagt onuň nesline nesip etdi. Şonuň üçinem biz bagtyýar, parahat asuda durmuşymyzyň, hormatly Prezidentimiziň hormat--sarpasyny, abraý-mertebesini belentde saklap, ýaşamalydyrys — diýip aýtdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmäge uly mümkinçilikler döredilýär.
Her bir türkmen ojagynda dutaryň, Magtymguly Pyragynyň kitabynyň bar bolmagy, bu iki gudratyň türkmeniň goşa täjidigini ýene bir gezek subut edýär. Bu baýramçylyk dabarasynda ýaňlanan türkmen dutarynyň owazlary, şahyryň mukaddes kitaplary oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürdäne paýhaslaryny sarpalap gelýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy arzuw edildi.
Ogulşat BERKELIÝEWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: baýramçylyk pursatyndan görnüş.
Surata düşüren awtor.