Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Galla — 2022

21.06.2022

Halal zähmet — ynsan ömrüniň zynaty, rysgal-döwletiň gözbaşy, öçmejek bagta alyp barýan ýoluň sakasy.Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşandyny goşýan ussat babadaýhanlar welaýatymyzda hem sanardan kän. Şolaryň biri-de Wekilbazar etrabynyň Goňur geňeşliginiň ýaşaýjysy kärendeçi daýhan Ýusup Babaýewdir. Ýusup aganyň agzybir maşgalasy indi ençeme ýyllaryň dowamynda “ak altynyň” we ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirýär.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylda hem, bu edermen kärendeçiler maşgalasy döwletnama esasynda 99 ýyl möhlet bilen özlerine berkidilen 60 gektar meýdandan guşgursak ak bugdaýyň her gektarynyň hasyllylygyny 45 sentnere ýetirdiler. Elbetde, bu üstünlik kärendeçi daýhan Ýusup aganyň ýolbaşçylygynda maşgala agzalary ýanýoldaşy alym-agronom Annajemal gelneje, ogly Süleýman, gelni Gyzylgül hem-de gyzy Merjen dagynyň janypkeşlik bilen çeken halal zähmetiniň netijesinde gazanyldy.
«Zähmet soňy — rehnet» diýlişi ýaly eziz Watanymyzyň ösüşlerine öz päk zähmeti bilen goşant edýän zähmetsöýer babadaýhanlar halal işleriniň hözirini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar. Biz hem edermen kärendeçiler maşgalasyna Berkarar ýurdumyzyň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze-täze üstünlikleri arzuw edýäris.

Şamyrat AMADOW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: Ýusup Babaýew bereketli galla meýdanynda.
Surata düşüren awtor.