Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Wagyz - nesihat çäreleri

08.02.2021

Geçen — Türkmenistan — — Bitaraplygyň mekany ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýokary netijeler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda has ýokary netijeleri gazanmak üçin geçilen menzillere ser salyp, öňde durýan wezipeleri aýdyňlaşdyrmaly.
Şu maksat bilen golaýda Mary şäherindäki “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda TDP-niň Mary şäher komitetiniň maslahaty geçirildi. Maslahata TDP-niň şäher komitetiniň jogapkär işgärleri, şu komitetiň gözegçilik derňew toparynyň agzalary, ilkinji guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda TDEI-niň mugallymlary Halymberdi Hajyýew, Merdan Orazmeredow, şäherdäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Gülälek Meredowa, şäherdäki 18-nji we 3-nji çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň kömekçileri Merjen Aýdogdyýewa, Şirin Amanowa çykyş etdiler. Çykyş edenler TDP-niň şäher komiteti tarapyndan 2020-nji ýylda durmuşa geçirilen işler, ýetilen sepgitler hem-de 2021-nji ýylda amala aşyrylmaly wezipeler dogrusynda durup geçdiler. Şeýle hem maslahatda partiýanyň işjeň agzalary höweslendirildi.

Baýram AMANOW. “Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: maslahatdan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.