Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy : işler utgaşykly barýar

19.05.2022

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 11-nji fewralynda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň yglan edilmegi türkmen halkyny ýeňişli geljege ruhlandyrdy. Şu taryhy mejlisde Türkmenistany 2022 — 2025-nji ýyllarda syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen şol maksatnama laýyklykda oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hil derejesinde geçirilmegi ugrunda işler guramaçylykly alnyp barylýar. Obasenagat toplumyny ösdürmekde ylmy çemeleşmelere has-da uly orun berilýär. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk ylmy bilen meşgul bolýan alymlaryň öňünde anyk wezipeleri goýup gowaçanyň, däneli we gök ekinleriň, miweli baglaryň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ir ýetişýän, ýokary hasyl berýän, dürli mör-möjeklere we kesellere durnukly görnüşlerini döretmek, olaryň iň gowy, ýokary hasyllylaryny seçip almak, ýurdumyzda ekinleri görnüşleri boýunça ekmegiň çäklerini kesgitlemek ýaly işleri ilerletmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.
Bu öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmen oba hojalyk institutynyň oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Ýolöten ylmy-önümçilik synag hojalygynda hem ylmy-gözleg işleri alnyp barylýar. Bu hojalykda 293 gektarda gowaçanyň Ýolöten-7, Ýolöten-14, Ýolöten-39, Ýolöten-50, Ýolöten-53, 200 gektarda bugdaýyň Ýolöten-1 sortlarynyň ylmy synaglary geçirilip, önümçilik aýratynlyklary giňişleýin öwrenilýär.

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: ylmy işgärler Arslan Halapow bilen Hojaberdi Gurbanow bugdaýyň hasyllylygyny kesgitleýärler.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.