
18-nji maý — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni
19.05.2022
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkyň Arkadagly zamanasy ýylymyzy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda guwançly sepgitlere besleýän türkmen halkynyň toý-baýramlary goşa-goşadan gelýär. Gadymy halkymyz döredijilikli zähmet çekişi ýaly, toýlaryny uludan tutmagam başarýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni ata Watanymyzyň mizemez berkararlygynyň baýramy bolany üçin bu buýsançly senede çuňňur many-mazmun bar. Şonuň üçinem bu baýramçylyk Garaşsyz döwletimiziň ähli ýerinde giňden bellenilip, dabarasy dag aşdy.
Düýn Mary şäheriniň merkezindäki baýramçylyk görnüşinde bezelen Baş baýdak meýdançasy ir säherden köp adamly boldy. Bu toý lybasly meýdançadaky ýaşyl Baýdaklar çala öwüsýän şemala owsun atyp, bu ýerde boljak baýramçylyk dabarasyny habar berýäne çalym edýär. Bu pursat buýsançly senämiziň biziň welaýatymyzda-da aýratyn şatlyk-şowhuna beslenýändigini äşgär edýär. Baýramçylyk mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasyna welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, şäher, etrap häkimleri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Joşgunly pursat ýetip gelýär. Marynyň Ý. Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Döwlet senasy ýaňlanýar. Şu buýsançly owazyň astynda Döwlet baýdagy galdyrylýar.
Baýdak galdyrmak dabarasynda welaýat häkimi Döwranberdi Annaberdiýew gutlag sözi bilen çykyş edip, ýygnananlary şanly sene bilen mähirli gutlady. Soňra “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň Sakarçäge şahamçasynyň dolandyryjysy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Myrat Ogşukow, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Duşak Annagulyýew çykyş edip, dabara gatnaşyjylary gyzgyn gutladylar. Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň görkezen kompozisiýasy, Watan, hormatly Prezidentimiz hakynda belentden ýaňlanan aýdym-sazlar dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Soňra medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, tansçylaryň şowhunly tanslary Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada dowam etdirildi.
Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: dabaradan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.
