Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

13.05.2022

Wekilbazar etrabynyň G. Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginde tejribeli ýüpekçiler bar. Olar bereketli pile hasylyny öndürmek ugrunda yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginiň ussat ýüpekçileriniň biri Ogulmaral Atabaýewa her ýyl pile tabşyrmak möwsüminde tutanýerli zähmet çekip, ýokary netijeleri gazanmagy başarýar. Üstümizdäki — Halkyň Arkadagly zamanasy ýylymyzda hem O. Atabaýewa 30 gram ýüpek gurçugyny idedip ondan 76 kilogram pile tabşyrmagy başardy. Ol gurçuk saklaýan jaýynyň arassalygyna, ýylylygyna, esasy iýmiti bolan tut ýapraklarynyň terligine aýratyn üns berýär. Oňa bu işde gelni Tylla ýakyndan ýardam berýär. Olaryň çekýän yhlasly zähmeti özüniň oňyn netijesini berýär.
Etrabyň bäsleşip işleýän öňdebaryjy pileçilerine TDP-niň etrap komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar.

Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: Ogulmaral Atabaýewa iş wagtynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.