Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi

13.05.2022

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli ýerinde bolşy ýaly, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk uruşynda gan dökülip gazanylan Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygynyň toýy biziň welaýatymyzda-da giňden bellenilip geçildi. Baýramçylyk Mary şäherindäki Baky oda gül goýmak dabarasyndan başlanyp, aýdym-saza beslenen çäreler giň gerime eýe boldy. Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlary, tylda zähmet çekenler bilen duşuşyklaram ýatdan çykmajak wakalara öwrüldi. Olarda agyr jeňde gahrymançylyk görkezen uruş weteranlaryna hem-de tylda tutanýerli zähmetiň nusgasyny görkezen zähmet weteranlaryna ýadygärlik sowgatlary we ter gül desseleri gowşuryldy.
Gynansak-da, ýyl geçdigiçe merdana uruş weteranlarymyzyň bir wagtky jebis hatary selçeňläp gidip otyr. Durmuşyň bu mizemez ýörelgesine bolsa, bize kaýyl bolmakdan başga alajyň ýokdugyny boýna almalydyrys. Has takygy, häzirki wagtda welaýatymyzda uruş weteranlarynyň 4-si biziň guwanjymyz hem-de buýsanjymyz bolup ýaşap ýör. Olaryň biri Mary etrabynyň Peşanaly geňeşliginiň ýaşaýjysy, 104 ýaşy arka atan Aýdogdy Amadyýew bolup, ol döwletli döwranymyzyň eşretli günlerine guwanýar. Şu sene mynasybetli beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde TSTP-niň welaýat komitetiniň wekilleriniň gutlag sözleri Aýdogdy aganyň güýç-kuwwatyna güýç-kuwwat goşdy. Asmanymyzyň arassa, durmuşymyzyň parahat, abadan durmuşyny arzuwlap oturan goja esgeriň ýagşy dileglerine bizem goşulýarys.
96 ýaşy arka atan Şami Abdyýew Ýolöten şäherinde ýaşaýar. Uruş weterany 100 ýaşa ser urandygyna garamazdan gujur-gaýratyna daýanyp, gowy günlerimiziň gadyr-gymmatyny hemişe nygtaýar. Şami aga 6 çagasyna, 20 agtygyna, 31 çowlugyna guwanyp, özüne edilýän sylag-sarpa hoşallygyny bildirýär.
Tagtabazar etrabynyň Saryýazy geňeşliginiň ýaşaýjysy, 97 ýaşly uruş weterany Aşyr Öwezdurdyýew Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglara, gül desselerdir baýramçylyk sowgatlaryna hoşallygyny goja buýsanjy bilen beýan edýär. Häzirki wagta bu uruş weterany 3 çagasyna, 35 agtygyna, 26 çowlugyna guwanýar.
Uruş weterany Gylyçmyrat Jumageldiýew 97 ýaşynda Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygynyň toýuny garşylady. Ol Tagtabazar etrabynyň Gulja geňeşliginde ýaşap, 9 çagasynyň — 7 oglunyň, 2 gyzynyň we 100-e golaý agtyk-çowluklarynyň bagtyna guwanýar. Ýeňiş güni mynasybetli goýlan sylag-sarpa guwanýan uruş weterany G. Jumageldiýew eşretli döwrümiziň gadyr-gymmatyny nygtaýar.
Weteranlarymyzy Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy bilen mähirli gutlaýarys.

A. BAÝRAMOW.
SURATDA: milli gahrymanymyz — uruş weterany.