Sungatym bar — hormatym bar
05.05.2022
Garaşsyz döwletimizde saz sungatynyň ösdürilmegine uly üns berlip, ýaş nesle şu sungatyň inçe syrlaryny öwretmekde netijeli işler alnyp barylýar. Ýaş nesli aýdym-saz sungatyna söýgi, höwes döretmek arkaly terbiýelemegiň bähbitli taraplary juda köpdür. Şu möhüm meselede çagalar sungat mekdepleriniň mugallymlarynyň paýyna jogapkärli wezipeler düşýär.
Biziň Mollanepes adyndaky welaýat çagalar sungat mekdebimizde-de aýdym-saz sungatyna höwesek ýaşlaryň onlarçasy bilim alyp, aýdym-saz sungatynyň uç-gyraksyz giňişligine ynamly gadam urýarlar. Olaryň saýlap-seçen ugurlary boýunça kämilligiň ýoly bilen öňe gitmeklerinde mekdebimiziň mugallymlarynyň yhlas-tagallalary ýerine düşýär. Şeýle mugallymlaryň biri, halypamyz Sewil Ganiýewa ýaş nesilde aýdym-saz sungatyna söýgi döretmekde, olaryň zehinli sazandalar bolup ýetişmeklerinde uly tagallalary edýär. Indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri hor mugallymy bolup zähmet çekip gelýän S.Ganiýewa ýaş sazandalara meşhur kompozitorlar Durdy Nuryýewiň, Weli Ahmedowyň, Weli Muhadowyň, Baýramdurdy Hudaýnazarowyň aýdym-saz eserlerini öwretmekde ýokary netijeleri gazanýar. Şeýle hem halypa mugallym geljekki sazandalaryň döwürdeş kompozitorlarymyzyň saz eserlerini çuňňur öwrenmekleri ugrunda aladalanýar. Şol aýdym-sazlarda bolsa ata Watanymyzyň, Garaşsyz zamanamyzyň çeper waspy belentden ýaňlanýar.
— Ajap eýýamymyzda türkmeniň aýdym-saz sungatynyň ösdürilmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesli bu sungata çekmekde, zehinli ýaş sazandalary ýetişdirmekde uly üstünlikler gazanylýar. Şeýle bähbitli işde goşandyňy duýmak bolsa döredijilikli zähmete ruhlandyrýar — diýip, 1-nji derejeli hor mugallymy Sewil Ganiýewa gürrüň berýär.
Sewil mugallym mekdebimiziň “Älemgoşar” hor toparyna ýolbaşçylyk etmek bilen, bu toparymyz birnäçe ýyl yzly-yzyna welaýat bäsleşiginde 1-nji orna mynasyp boldy. 2021-nji ýylda--da şeýle bäsleşikde 2-nji orny eýeledi. Sewil Ganiýewa okuwçylara aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny öwretmekde öňdebaryjy iş tejribelerinden netijeli peýdalanýar. Irginsiz yhlas edýär. Şu yhlas-tagallasy bolsa ýaş sazandalaryň ýokary netijeleri gazanmaklaryna mümkinçilik berýär.
Bu günki gün S.Ganiýewa ýetişdiren şägirtleri Humaý Kakaýewanyň, Mekan Kakaýewiň, Mähri Aşyrowanyň, Altyn Annaýewanyň gazanýan üstünliklerine guwanýar. Şeýle hem halypamyz S.Ganiýewa fortepiano we skripka üçin sazlary täzeden işläp, döredijilikli zähmet çekýär. Bizem halypa kärdeşimiz Sewil Ganiýewa işinde we döredijiliginde uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Jennet NAZAROWA.
Welaýatyň Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.
SURATDA: S.Ganiýewa okuwçylary bilen sapak wagtynda.