Bol hasylyň aladasy
05.05.2022
Gülläp ösüşleriň ýurdy bolan ata Watanymyzda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, oba hojalygynda-da durmuşa geçirilýän işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu pudakda zähmet çekýän her bir oba hojalyk işgäri döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, Diýarymyzyň ösüşine öz goşandyny goşmaga çalyşýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan ösüşli işleriň netijesinde oba hojalygynyň möhüm pudagy bolan däneçiligiň ösmegine uly ýardam berilýär. Daýhanlaryň tutanýerli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Murgap etrabynyň “Aşgabat” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Döwletmyrat Artykow kärende ýerinden ýylyň-ýylyna bugdaýdan, pagtadan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda irginsiz aladalanýar. Üstümizdäki — Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda hem ol 10 gektar kärende ýerinden bugdaýdan bol hasyl almak maksady bilen janaýaman zähmet çekýär. Şeýle hem daýhan birleşiginiň kärendeçileri Maksat Täçmyradow 10 gektar, Aşyr Annalyýew 5 gektar kärende ýerlerinde yhlasly zähmet çekýärler.
Ygşyldap boý alyp oturan bugdaýly meýdanlarda häzirki günler kärendeçileriň işi barha artýar. Bugdaýly meýdanlarda işiň depginini gowşatman alyp barýan daýhanlar bol hasyl almagy umyt edýärler.
Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: bugdaýly meýdandan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.