Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Pileçiler höweslendirildi

05.05.2022

Ýüpek gurçugyny idetmegiň esasynda dokma senagatynyň gymmatly çig maly bolan ajaýyp ýüpek öndürilýär. Muňa oňat düşünýän welaýatymyzyň ýüpekçileri bilen birlikde Ýolöten etrabynyň “Rahat” daýhan birleşiginiň ýüpekçileri hem gymmatly çig mal bolan piläniň bol hasylyny öndürmek ugrunda şu ýyl tutanýerli zähmet çekdiler.
Hojalygyň ýüpekçi kärendeçilerinden Dünýägözel, Babageldi Arnageldiýewleriň agzybir maşgalasy şu möwsümde bereketli pile hasylyny öndürmegi başardy. Olar etrap pile kabul ediş we guradyş bölümine piläniň bol hasylyny tabşyrdylar. Olar 15 gram gurçuk tohumyny idedip, 107 kilogram pile tabşyrmagy başardylar.
Bu ýüpekçi maşgala etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýaryşda ýeňijä niýetlenen gymmatly sowgat dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ýüpek gurçugy örän ynjyk jandar. Ony idetmek möwsümi bir aý gowrak wagt dowam edýär. Arnageldiýewleriň bagtyýar maşgala agzalary hem berkarar döwrümizde ähli ulgamlar bilen bir hatarda ýüpekçilik pudagynda hem öndürijilikli zähmet çekmäge ähli şertleriň bardygyna guwanýarlar. Şeýle ajaýyp durmuşy peşgeş berýän hormatly Prezidentimize jan saglygyny, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işlerinde rowaçlyklary arzuw edýärler.

Mähri GELDIÝEWA.
TDP-niň Ýolöten etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.
SURATDA: ýüpekçiler iş başynda.