Tarypyňa sözüm ýokdur, bedewim!
25.04.2022
Türkmen bedewiniň gaýtalanmajak gözelligini, ýörände seýkin basyşyny, çapanda ýelden ýüwrükligini, syzgyrlygyny taryp etmäge söz gerek, taryplamaga dil. Toý-baýramlarymyzyň bezegi, ähli üstünliklerimiziň alamaty bolan uçar ganatly bedewlerimiz biziň milli buýsanjymyzdyr, göwün şadymyzdyr. Bu barada gürrüň gozgalanda, Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplary kalbyňa dolýar. Gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak, düýpli ylmy derejede ýazylan bu kitaplar, naýbaşy medeni gymmatlygymyz bolan türkmen bedewiniň taryhy, öçmejek şöhratly ýeten belent derejesi, at üstündäki oýunlar, atly sport barada düýpli maglumatlary giň okyjylar köpçüligine ýetirýär. “Taryh nireden başlanýan bolsa, şol ýerde, şol döwürde bedewli geçilen menziller onuň esasynda ýatandyr”, diýip, hormatly Arkadagymyz özüniň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda ýazýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň mundan beýläk-de belende göterilmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýär. “Biz ahalteke atlarynyň baş sanyny we dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslyk mekdebiniň baý däplerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak, türkmen alabaýlarynyň sanyny köpeltmek boýunça hem möhüm işleri dowam etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda aýratyn belläp geçdi.
I. SÄHEDOW.