Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Işler guramaçylykly barýar

08.02.2021

Welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň Baýramaly şäher ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginiň zähmetsöýer adamlary tutanýerli işleýärler. Bu ugurdan köpýyllyk iş tejribeli ýolbaşçy Atageldi Kylyçdurdyýew tarapyndan dolandyrylýan kärhanada meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirilýär. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň şan-şöhratly baýramyna zähmet sowgatly barýan müdirlikde uly üstünlikler gazanylýar. Olar jaýlaryň üçeklerinde bejergi işlerini geçirýärler.
Ýerzeminleri arassa saklaýarlar, edaralaryň, täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna ýakyndan goldaw berýärler. Ýyladyş hem-de lagym ulgamlarynyň talaba laýyk işlemegini üpjün edýärler. Şäher bagy-bossanlyga öwrülip, zeýsuw akabalarynyň kadaly hereketiniň gazanylmagyny ýola goýýarlar. Şeýle işleriň hemişe göwnejaý dowam etdirilýändiginden şäheriň ýaşaýjylary örän hoşal bolýarlar.
Müdirligiň bagtyýarlyk zamanamyzda abraýly işlemeginde hormatly Prezidentimiz tarapyndan daşary ýurtlardan satyn alnyp berilýän awtoulaglary her bir işiň ilerlemegine köp peýda berýär. “KAMAZ” kysymly awtomaşynlar ýükleri daşamakda we beýleki hyzmatlarda uly goldaw bolýar. Tehnikalary netijeli ulanmakda tejribeli sürüjiler Perman Jumaýew, Bäşim Çaryýew, Şatlyk Durdyýew tapawutly işleýärler. Olar özlerine ynanylan kuwwatly hem ýokary iş öndürijilikli awtoulaglary gurat hem bökdençsiz işledýärler.
Müdirligiň dört sany hyzmat bölümi bolup, olardan Guwançmyrat Ymamowyň ýolbaşçylyk edýän topary has tapawutly zähmet çekýär. Bu ýerde bar bolan beýleki bölümleriň dowam etdirýän işlerinde hem üstünlikler gazanylýar. Munuň özi Çary Esenow, Bekmyrat Berkeliýew, Çary Orazmämmedow, Baýmyrat Aşyrow ýaly dürli işlerde tejribeli we göreldeli zähmet çekýän adamlaryň oňaýly täsiriniň bardygyna şaýatlyk edýär. Müdirligiň hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşly sözleri aýdyp işleýän işgärleri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýärler.

Öwezmyrat POLLYÝEW.
SURATDA: müdirligiň işinden pursat.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.