Gyz edebi — il edebi
25.04.2022
Türkmeniň milliligine uly sarpa goýulýan ata Watanymyzyň her bir künjeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň guramagynda gelin-gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Şeýle maslahatyň biziň welaýatymyzda-da geçirilmegi biz — ýaşlar üçin has-da täsirli boldy.
Milli däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, maşgala mukaddesligine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresinde gyz edebine aýratyn üns berildi. Welaýatymyzyň etraplarynda we şäherçelerinde guralan bu maslahatlarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy Ogulmaral Hojaýewa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Aýgül Annakurbanowa, Mary şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi Sona Gaýypowa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili Altynjemal Ataşowa, Aşgabat şäher kazyýetiniň kazysy Amantäç Gurbanowa, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Bahar Amanowa, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Enemjan Orazowa, TMÝG--niň Merkezi geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Umyda Kakaýewa dagy çykyş etdiler.
Maslahatlarda çykyş edenler özüniň gözbaşyny gadymy taryhyň gatlaryndan alyp gaýdan türkmen halkynyň ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara, edim-gylymlara uly hormat goýýandygy, her bir maşgalada gyz edebine uly üns berilýändigi, gyzlara edep-ekramlylygyň çagalygyndan öwredilip başlanylýandygy, olaryň özleriniň arassaçylygy, mähirliligi, şirin sözlüligi, mylakatlylygy bilen tapawutlanyp, durmuşda öz ornuny tapmagy başarýandygy barada giňişleýin durup geçdiler.
Uly ähmiýete eýe bolan maslahatda gyz maşgalanyň kişi maşgalasy hasaplanylýandygy, gyz edebiniň gyzyldan gymmatlydygy barada aýdylyp, ata-babalarymyzyň “Gyz eneden görüm görmese, öwüt almaz”, “Gyz göwni — gyzan gazan”, “Gyz gylygyndan söýdürer”, “Gyzly öý — gyzyldan halka”, “Gyzly öý — soltanly öý”, “Gyzly öýe rehnet ýagar” diýen sözlerine aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda gyzlaryň arasynda ýoň bolan dyrnak ösdürmek, saç kesmek, gaş ütmek, saçlaryny dürli boýaglar bilen boýamak ýaly endikleriň türkmençilikde halanylmaýandygy dogrusynda aýratyn durlup geçildi. Bu häsiýetleriň türkmen gelin-gyzlaryna mahsus däldigini maslahatda çykyş edenler nygtap aýtdylar.
Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.