Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Ýüpekçilik — 2022

25.04.2022

Welaýatymyzyň babadaýhanlary hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ýokary depginlerde ösdürmek baradaky görkezmelerinden ugur alyp, joşgunly zähmet çekýärler. Olar özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýärler.
Her ýyly ýokary görkezijiler bilen jemläp, pile tabşyrmagyň meýilnamasyna abraý bilen hötde gelýän welaýatymyzyň zähmetsöýer pileçileriniň yhlaslary ýerine düşýär. Geçen ýylky gazanan zähmet üstünlikleri bilen ruhlanan pileçilerimiziň Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda-da gadamlary batly, ümzükleri öňe.
Dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan ýokary hilli piläni taýýarlamakda welaýatymyzyň ussat pileçileri uly ynam, aýdyň maksat bilen işleýärler. Pile öndürmek işi döwrebap derejede kämilleşdirilýär we ösdürilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýylynda welaýatymyzyň pileçileri ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg etmek bilen, Watanyň kümüş çäjine 440 tonna ýokary hilli önüm goşmagy öz öňlerinde baş wezipe edip goýýarlar. Bu jogapkärli wezipä üstünlikli hötde gelmek üçin welaýatymyzyň ýüpekçileri möwsüme ykjam taýýarlykly geldiler.

S. AMANOW.