Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

14.04.2022

Ata Watanymyza wepaly, bilimli ýaş nesilleri kemala getirmek hemde olarda dil endiklerini ýokarlandyrmak maksady bilen ýurdumyzda ençeme amatly şertler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu bolsa biziň ertirki günüň eýeleri boljak ýaş nesillerimiziň hasda giň gözýetimli bolmagyna itergi berýär. Dil öwretmekde okuwçylary uly alada bilen gurşap alýan mugallymlaryň biri hem Merjen Rejebowadyr.
Merjen mugallym Mary şäherindäki 24nji zehinli ýaşlar mekdebinde iňlis dilinden ýaş nesle döwrebap bilim berip, olaryň giň dünýägaraýyşly, ökde hünärmen bolup ýetişmekleri ugrunda yhlasly zähmet çekýär. Merjen mugallym häzirki wagtda 6njy “B” synpa ýolbaşçylyk edýär. Ondan daşary ýokary synp okuwçylaryna iňlis dilinden bilim berip, ol gündelik geçýän sapaklarynda interaktiw tagtalaryndan, okuwgörkezme esbaplaryndan, okatmagyň täzeçe usullaryndan yzygiderli peýdalanýar. Mugallymyň taýýarlaýan okuwçylary ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýeleýär. Bu bolsa Merjen mugallymyň çekýän yhlasly zähmetiniň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär.

A. Daňatarowa.
SURATDA: Merjen Rejebowa 6njy “B” synp okuwçylary bilen sapak wagtynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.