Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bol hasylyň aladasy

14.04.2022

Ekin meýdanyny ýaşyl hatarlar bilen bezeýän bugdaý maýsalary daýhanyň buýsanjyny artdyrýar. Bahar paslynyň şu günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeginde ak ekinlere ideg etmek işleri giň gerimde alnyp barylýar.
Tagtabazar etrabynyň “Ýaşlyk” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Şahymerdanguly Berdimyradow özüniň kärendeçilik edýän 2,5 gektar meýdanyndan ýylyňýylyna bugdaýdan, pagtadan bol hasyl almagy başarýar. Daýhan birleşiginiň hünärmeni Töremyrat Işangulyýew Ş. Berdimyradowyň işine ökde kärendeçileriň hatarynda tanalýandygyny aýdýar.
Şol daýhan birleşiginiň kärendeçisi Çary Akmuhammedow hem özüniň 2,5 gektar kärende ýerinde yhlasly zähmet çekip, bol hasyl almak ugrunda aladalanýar. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylymyzda hem bugdaýdan bol hasyl almak maksady bilen irginsiz zähmet çekýär. Welaýatymyzyň edermen kärendeçileri gök öwsüp oturan bugdaýly meýdanlara ideg işlerini hasda güýçlendirýärler. Gözüňi dokundyrýan bugdaý maýsalary daýhan zähmetiniň ýerine düşjekdigine güwä geçýär.

SURATDA: bugdaýly meýdandan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.