Ykdysady ösüşiň ýoly bilen
14.04.2022
Milli ykdysadyýetimizi çalt depginlerde ösdürmekde amala aşyrylýan işleriň bady artýar. Ýurdumyzyň çar künjeginde öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi ykdysady ösüşleriň rowaçlanmagyna itergi berýär. Muňa Garaşsyz döwletimizde işe girizilýän döwrebap kärhanalaryň sanynyň artýandygam şaýatlyk edýär. Şeýle guwançly wakalar Halkyň Arkadagly zamanasy ýylymyzyň ýeňişlere beslenýändiginiň subutnamasy bolup durýar.
Düýn biz ýene bir şatlykly wakanyň şaýady bolduk. Has takygyny aýtsak, Mary etrabynyň çäginde döwrebap kärhananyň — täze tehniki uglerod (gurum) öndürýän zawodyň açylyş dabarasy boldy. Oňa kärhananyň işçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada welaýat häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, TDPniň Türkmengala etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Muhammetnazar Täşliýew, “Eziz dag” hojalyk jemgyýetiniň direktory Atajan Öwezdurdyýew, Mary etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Çaryýarguly Hommaýew çykyş etdiler.
Täze zawodyň ABŞnyň we Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny ýatlamak ýakymlydyr. Kärhananyň taslama kuwwatlylygy bir ýylda üç müň tonna önüm öndürmäge mümkinçilik berip, ol “Eziz dag” hojalyk jemgyýetiniň buýurmasy bilen guruldy. Zawodyň çig mal bilen üpjünçiliginiň meselesiniň agramly böleginiň Garaşsyz döwletimizde çözülýändigini bellemelidiris.
Täze zawodda öndüriljek önümiň bir bölegi ýurdumyzyň içindäki sarp edijilere ugradylsa, ýene bir bölegini daşarky bazarlara çykarmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi bu ýerde bäsleşige ukyply önümiň önümçiliginiň ýola goýulýandygyny aňladýar. Şeýle hem bu kärhananyň işe girizilmegi bilen onlarça täze iş orunlary peýda boldy. Ýeri gelende aýtsak, şeýle öňdebaryjy tehnologiýaly kärhanalaryň sanynyň artmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösdürilmegine täze mümkinçilik berer.
Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: täze zawodyň açylyşyndan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.