Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

08.04.2022

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermekde mugallymlar yhlasly zähmet çekýärler.
Şeýle yhlasly zähmet çekýän mugallymlaryň biri-de Altynjemal Mämmetgulyýewadyr. Altynjemal mugallym indi birnäçe ýyl bäri Baýramaly etrabyndaky 29-njy orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup jan aýaman zähmet çekýär. A. Mämmetgulyýewa ýaş nesillerimiziň ýaşlykdan ylymly-bilimli bolmagy ugrunda çekýän zähmeti bilen il arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Gülläp, gül açýan Diýarymyzda bilim--terbiýe bermekde, ýaş nesillerimiziň ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

SURATDA: Altynjemal mugallym sapak wagtynda.
Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.