Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Şu gün — Bütindünýä saglyk güni

07.04.2022

Saglyk ulgamy boýunça ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda uly işler bitirildi we häzirki wagtda-da şol beýik başlangyçlar giň gerimde alnyp barylýar. Ynsan saglygyny berkitmek, dikeltmek hem-de gorap saklamak üçin beýik başlangyçlar durmuşa ornaşdyrylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk edaralary gurlup, ulanylmaga berilýär. Olar ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilýär. Şeýle- -de, ýurdumyzyň çäginde hereket edýän, öňden bar bolan saglyk merkezleridir öýleriniň durky düýpgöter täzelenip, döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle tutumly işleriň amala aşyrylmagy saglyk ulgamynda zähmet çekýän ak ýektaýly lukmanlarymyzy diýseň begendirýär.
Belent sepgitlere ýetýän saglyk ulgamynyň has-da pajarlap ösmegi ugrunda ençeme işler ýola goýulýar. Geçen ýyl hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň öndürýän “Tiz kömek” maşynlary satyn alnyp, ulanyşa berildi. Munuň üçin ak ýektaýly lukmanlarymyzyň, ildeşlerimiziň begenjiniň, buýsanjynyň çägi bolmady.
Bulardan başga-da, ynsan saglygyny goramak üçin lukmanlar tarapyndan uly işler ýola goýulýar. Muňa ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri hem doly şaýatlyk edýär. Onda eli ýeňil lukmanlar raýatlarymyza degerli maslahatlary berýärler. Şeýle-de, dürli kesellere garşy göreşmek üçin biraýlyklar, hepdelikler geçirilýär. Şol döwürlerde saglygy goraýyş işgärleri täsirli çäreleri guraýarlar. Bulardan başga-da, ýurdumyzda Bütindünýä donorlar güni, Bütindünýä saglyk güni, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni ýaly belli günler giňden bellenilip geçilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny belende galdyrmakda, ynsan saglygyny goramakda, türkmen halkynyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde hormatly Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny dowam etdirip, ýurdumyzyň, halkymyzyň bähbidi üçin irginsiz aladalanýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Goý, hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
TMÝG-niň işjeň agzasy.