Mukaddeslige beslenen aý
04.04.2022
Oraza musulman dünýäsinde ýerine ýetirilmegi parz edilen bir ybadatdyr. Onuň manysy iýip-içmekden özüňi saklamak, çetde durmakdyr. Oraza aýynyň ynsanyň ruhy taýdan päklenip, ahlak taýdan kämilleşmeginde ähmiýeti bolşy ýaly, ýene-de birnäçe peýdaly taraplary bardyr. Remezan aýynda oraza tutmaklygyň yslamyň bäş şertinden biridigi nygtalýar. Elbetde, tutuş bir aýlap ýagşy doga-dilegleriň, arzuw-umytlaryň içinde gezen adamlar özlerini kämilleşdirmäge tarap ýene bir ädim ätleýärler.
Oraza ynsany erbetliklerden goraýar. Bir aýlap agzyny bekleýän ynsanyň kalbynda päklige ymtylyş duýgusy oýanýar. Oraza diňe bir aç gezmek hereketinden ybarat däldir. Ol çuňňur bir arzuw-hyýal terbiýesi, tejribesidir. Ol ynsany erbet endiklerden gorap, nädogry hereketlerden saplap, ýagşy-ajaýyp häsiýetlere atarýan ahlak terbiýesidir. Şeýle hem bu aýda agzyny bekleýän adam öz saglygyny-da berkidýär. Alymlaryň tassyklamaklaryna görä, oraza saglygyňy goramakda örän ähmiýetlidir. Onda ynsan bedeniniň işjeňliginiň kadalaşýandygyna göz ýetirilýär. Ýagny, 11 aýlap bedende ýygnanan zyýanly ýaglary eredip, ynsany semizlikden, süýjülik, damaryň gatamagy, ýüregagyry, gan basyşynyň ýokarlanmagy ýaly, kesellerden saplaýar hem-de ruhumyzy belent edýär.
Orazanyň ýene-de bir ähmiýetli tarapy ol hem iýmitiň, suwuň, nygmatlaryň gadyr-gymmatyny bilip, ony goramaklyga, isrip etmezlige, şükür etmäge iterýär. Elbetde, şükür eden, toba eden ynsan üçin nygmatlar bollugyna, halallygyna hem galýar. Bu aýyň täsiri ynsanyň nebsini terbiýeläp, sabyr-takatly, kanagatly bolmaga alyp barýar. Her bir ynsan oraza tutup, Allanyň emrini höwes bilen ýerine ýetirse, onuň geçmişden galan günäleriniň hem bagyşlanjakdygy nygtalýar. Remezan orazasyny tutan ynsanlara beriljek sogaplaryň sany bimöçberdir. Bu aý halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkidýän, ruhuny tämizleýän aýlarymyzyň biri hasaplanylýar.
Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän agzybirlik, jebislik, haýyr-sahawatlylyk ýaly, ajaýyp ýörelgeler bu günki gün Watanymyzy uly ösüşlere ýetirýär. Biziň ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza uly hormat goýulýar. Olary dikeltmek, ösdürmek, wagyz etmek boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda Oraza baýramy-da bar. Bu baýramyň ynsanperwerlik dabarasy kalbymyza nur çaýýar.
Oraza baýramyňyz gutly bolsun! Oraza aýynda eden doga-dilegleriňiz, ýagşy-niýetleriňiz kabul bolsun!
Halkymyza milli däp- -dessurlarymyzyň berjaý edilmegi üçin ähli şertleri döredýän ynsanperwerligiň, salyhatlylygyň ajaýyp nusgasyny görkezýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ogulşat BERKELIÝEWA.
“Maru — şahu jahan”